Biotehnologiýa — tehnologiki meseleleriň ýerine ýetirilmegi üçin janly organizmleri we metabolik önümlerini ulanmagyň geljegini öwrenýän ylymdyr. Mundan başga-da, biotehnologiýa genetiki inženerçilik usullaryny ulanyp, zerur häsiýetler toplumy bilen janly organizmleriň döredilmegini öwrenýär.
Türkmenistanly alymlar oba hojalyk önümçiliginde biotehnologiki usullary ornaşdyrmak boýunça synaglara goşuldy diýlip, Нейтральный Туркменистан gazetinde çap edilen biologiýa ylymlarynyň kandidaty Olga Arzýamowanyň makalasynda bellenilýär.
Oba hojalygynda genetiki inženerçilik usullary zyýankeşlerden we gerbisidlerden gorkmaýan ýokary hasylly ösümlik görnüşlerini almaga mümkinçilik berýär.
Mysal üçin, Türkmenistanyň botanikleri izolirlenen dokuma usulyny ulanyp, pagta tohumlaryny ösdürip ýetişdirmegiň mümkinçiligini öwrendiler.
Bu işler birnäçe yzygiderli amallardan ybaratdyr. Tohumlar konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen arassalanyp, distillendirilen suw bilen gowy ýuwulandan soň, Petri gaplarynda sterilizasiýa edilen iýmit gurşawynda gögerip başlady.
48 sagatdan soň, tohum gabygy aýrylyp, ýene bir gezek dezinfeksiýa edildi we ýuwuldy, soňra sterilizasiýa edilen synag turbalaryna ýerleşdirildi, düwünçekler ilkinji iki günüň içinde garaňky otagda saklandy.
Soňra nusgalar ýagtylyga geçirilip, howanyň çyglylygy 70 göterim bolan +27 gradus selsiýada saklandy.
Soň bolsa, kök emele getiriji stimulýatoryň goşulmagy bilen zyýanly mikroorganizmleriň täsir eden kök ulgamynda kesmek işi geçirildi.
Geljekde biologiki taýdan arassa pagta hasylyny izolirlemek, molekulýar biologiýa we genetiki inženerçilik usullaryny ulanmak arkaly süýümiň hili we hasyllylygy ýokary, guraklyga çydamly, ösümlik kesellerine we zyýan berijilerine pes duýgurlygy bolan pagta görnüşlerini almak bolar.
Şeýle hem, 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ösümlikleriň mikroklonlaşdyrylmagy boýunça gözlegleriň geçirilýändigini bellemek bolar.