Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, 9 — 17-nji mart aralygynda ýurduň ylym-bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen topar Ispaniýa Patyşalygynda iş saparynda boldy.
10-njy we 13-nji martda topar bilen golýazma ýadygärlikleriniň, seýrek kitaplaryň, arhiw maglumatlarynyň jemlenen merkezi Granada Arap dilli golýazmalar ylmy-barlag merkezinde duşuşyk geçirildi.Merkezde Gündogar we Günbatar halklarynyň, şeýle hem türkmeniň irki we orta asyrlar taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine dahylly, ýokary çeperçilik bilen bezelen, kagyz taýýarlaýjy ussalaryň, hatdatlaryň, bezegçileriň, zerleýjileriň elinden çykan ýazuw ýadygärlikleriniň müňlerçesi bar.
Duşuşygyň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Merkeziň direktorynyň orunbasary Luis Garsio türkmeniň taryhyna, edebiýatyna, diline degişli golýazmalary toplamak, dünýä meşhur akyldarlaryň eserlerini ýurtda we daşary döwletlerde neşir etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi.
Saparyň çäklerinde Madrid şäherindäki türki we arap dilli golýazmalar merkezlerinde hem bolup, ol ýerde saklanylýan gymmatly kitaplar bilen tanyşdyryldy. Ispan tarapy Taryh akademiýasynyň hazynasynda saklanylýan Şasenem — Garyp baradaky seýrek golýazmanyň elektron nusgasyny türkmen alymlaryna gowşurdy.