Türkmen alymlary Indoneziýada geçirilen halkara ýarmarkada innowasion işläp taýýarlamalaryny görkezdiler

Türkmen alymlary Indoneziýada geçirilen halkara ýarmarkada innowasion işläp taýýarlamalaryny görkezdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti 7 11-nji noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali sebitinde geçirilen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda (ISIF) inžener fizikasy we energetika ulgamyna degişli özleriniň ylmy işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öňdebaryjy tehnologiýalaryň fizikasy kafedrasynyň uly mugallymy Mekan Allyýew we “Sanly ykdysadyýet” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow Türkmenistandan wekilçilik etdiler.

Ýarmarkada ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda özleriniň gazanan üstünliklerini görkezmek üçin 24 ýurtdan, şol sanda Indoneziýadan, Hindistandan, Russiýadan, Türkmenistandan we beýleki döwletlerden 324 topar gatnaşdy.

Indoneziýanyň Ýaş alymlar birleşiginiň (IYSA) her ýyl guraýan “ISIF” ýarmarkasy ýaşlaryň ylmy taýdan ösüşini goldamagy we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy halkara giňişlikde ýaş alymlaryň ylmy gatnaşyklaryny berkitmäge we tejribelerini baýlaşdyrmaga şert döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň topary Indoneziýada geçirilen halkara forumda özüniň ylmy oýlap tapyşyny tanyşdyrdy
Bali täze howa menzilini gurmakçy
Bali adasy tebigy gözellikleriň mekany
Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny