Türkmen alabaýy

Türkmen alabaýy

Türkmenleriň ata-babalarynyň mukaddes “Awesta” kitabynda “Widewdat” bölüminiň tutuş iki baby ( “Jaýlanan däp-dessur” we “It”) tutuşlygyna itlere bagyşlanandyr. “Awestada”şeýle diýilýär: “Eý, Zaratuştra, men Ahura - Mazda, öz egin-eşigimi geýnen, aýakgabymy geýnen, günümi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin adamyň paýyny alan iti döretdim”.

Türkmen alabaý iti Türkmenistanyň gadymy jemagatynyň ähli üç gatlagynyň ( ruhanylaryň, esgerleriň, daýhanlaryň) häsiýetlerini özüne almagy başarypdyr.

Türkmen alabaý iti türkmenleriň ata-babalarynyň sežde edýän haýwany hasaplanypdyr.Gadymy Köneürgenç şalygynda itlere aýratyn hormat goýlupdyr, keramiki gaplarda adamlaryň süňki bilen itleriň süňki bile goýlupdyr.Gadymy garaýyşlara görä, dindar adamy jennete eltýän gyzy iki it ugradypdyr.

Umuman türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy hemişe it bilen bagly bolupdyr.Muňa taryhy arheologik tapyndylar hem, taryhy maglumatlar hem şaýatlyk edýär.Türkmen alabaýynyň gadymy ýaşaýyş durmuşynyň yzlary türkmen topragynyň has gadymy obalaryndan tapylýar.

Nusaý, Jeýtun, Köneürgenç ýadygärliklerinden, Altyndepeden tapylan toýundan, bürünçden ýasalan kellesi uly, döşlek, gulak-guýrugy kiçeldilen, haýbatly itiň heýkeljiklerini alamatlandyrýan tapyndylar, keramiki gaplaryň ýüzündäki it bilen bagly bezegli şekiljikler türkmen alabaýynyň ata-babalarynyň subutly şekilleridigini, olaryň has gadymy döwürlerde hem biziň topragymyza mahsus bolandyklaryny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Alabaýlaryň şekilleri we heýkeljikleri diňe bir gadymy obalarda däl-de, eýsem antik we orta asyr ýadygärliklerinden hem tapylýar.Häzirki günde özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan, beýleki tohumlaryň täsir etmegine sezewar edilmedik dog görnüşli itleriň ýeketäk tohumy bar.

Bu elbetde, gaýduwsyz, çydamly, ygtybarly, wepaly hem paýhasly türkmen alabaýydyr.Arassa ganly türkmen alabaýy ýersiz-ýere üýrmez, gijelerine uwlamaz.Ol howlukmaç däldir, agras hem akyllydyr.

Türkmen çopan-çolugy, türkmen itşynaslary hemişe öz alabaý itleri hakynda alada edipdirler.Alabaýyň gündelik iýmitine, dişlerine, şeýle hem hüý-häsiýetine heniz güjükliginden üns beripdirler.Ol öz eýesine wepalylygy, öý-ojagy gorap saklaýşy, mert hem gaýduwsyz hereketleri bilen itleriň beýleki görnüşlerinden düýpgöter tapawutlanýar.

Türkmen halky öz ahal-teke atynyň tohumyny ýitirmän, ony hiç bir atyň tohumynyň täsirine garyşdyrman, arassa ganly türkmen ahal-teke bedewini biziň şu günümize çenli getiripdir, şonuň ýaly hem halkymyz öz alabaý itini başga tohum täsirine golaýlaşdyrman, gadymyýetden biziň häzirki döwrümize çenli gorap, köpeldip getirmegi başarypdyr.

Halkymyzyň bu medeni gymmatlyklarymyza bolan söýgüsi çäksizdir, soňsuzdyr.Bular biziň göz guwanjymyz, buýsanjymyzdyr.

Halkymyzyň wepaly dosty bolan türkmen alabaýy, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň milliligimize, medeniýetimize goýýan hormaty esasynda uly söýgä eýe boldy.Dünýäniň ýüzünde milli guwanjymyz, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň çarpaýa galşy ýaly, buýsanjymyz bolan türkmen alabaýymyz, gadymyýetden gelip ýeten gymmatly mirasymyz bolup, ýer ýüzünde adamzat ähline öz wepalylygy bilen nusga bolsun!

Goý, türkmen itşynaslyk sungaty özboluşly sungat hökmünde ýer ýüzünde tanalsyn!Bize öz milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan belent maksatly işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
17 ýaşynda tutuş dünýäni aýlanan iň ýaş uçarman boldy
Rekordçy doganlar
Ispaniýadaky Tokaý Ýangynlary Dowam Edýär
Dünýäde iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylar?