Türkmen alabaýy ynsanyň wepaly ýoldaşy atly sergi gurnaldy

Türkmen alabaýy  ynsanyň wepaly ýoldaşy atly sergi gurnaldy

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýy ynsanyň wepaly ýoldaşy atly muzeý gaznasyndaky türkmen alabaýyna degişli arheologik tapyndylardan, nakgaş, keramika, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden sergi gurnaldy.

Serginiň açylyş dabarasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işgäri Ahmet Gyşykow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Ogulnur Annadurdyýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasynyň kitaphana müdiri Aýjemal Baýramowa, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Oguloraz Durdyýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Toýly Begdekow çykyş etdiler.

Serginiň açylyş dabarasyna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan sergi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sarpa goýulýandygyny we onuň has-da kämilleşdirilip, geljekki nesillerimize ýetirilmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy