Türkmen alabaýy milli mirasymyz

Asyrlaryň jümmüşinde döräp kämilleşdirilen, tebigy syrlara we täsinliklere baý milli mirasymyz bar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz sarpalanyp, geljekki nesillerimize täze öwüşginde ýetirmek ugrunda dürli çäreler amala aşyrylýar.

Türkmeniň gadymdan gelýän milli medeni mirasyny gorap saklamakda diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, dünýä halklarynyň gyzyklanmalary bilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem türkmen alabaý itleridir.

Türkmen alabaýy adamzadyň iň gadymy dosty, ýakyn syrdaşydyr.Häzirki wagta çenli ýüze çykarylan ylmy maglumatlar türkmen alabaýynyň dünýäde iň gadymy we arassa ganly tohum itleriň biridigini doly ykrar edýär.

Türkmen alabaýy ynsanyň wepaly, gujurly, gaýduwsyz sakçysy bolupdyr. Şol sebäpli hem parasatly pederlerimiz türkmen alabaýyny ynsanyň we onuň mukaddes ojagynyň asudalygynyň, bagtyýarlygynyň goragçysy saýýar.It geldi, gut (bagt) geldi nakylynyň manysy hem ynsanyň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşamagyna alabaýyň edýän täsiri bilen bagly döräpdir. 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Şol ýylyň 31-nji awgustynda bolsa Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy diýlip atlandyryldy.

Welaýatlarda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň bölümleri döredildi we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleri guruldy. 2020-nji ýylda gurlan Türkmen alabaýy atly heýkel gözel paýtagtymyz Aşgabadyň bezegine bagtyýarlyk zamanynyň tyllaýy öwüşginini çaýdy.

Taryhy çeşmelerde saklanan arheologiýa we etnografiýa maglumatlarynyň tassyklaýşy ýaly, eziz Watanymyzyň çäklerinde şanly taryhymyzyň dürli eýýamlarynda ýaşaýşyň gülläp ösen gadymy ekerançylyk obalarynda, şa döwletleriň paýtagt şäherlerinde göwresi ägirt uly itleri, sähra şertlerinde küren-küren oba bolup ýaşan maldarlaryň hojalyklarynda bolsa çopan itlerini ýetişdirmek tejribesi giňden ýaýrapdyr.

Munuň üçin tejribeli itşynaslar tarapyndan ýörite seçgi işleri geçirilip, itiň tohumynyň sagdynlygy berk gözegçilikde saklanypdyr we olar aýratyn taýýarlanylan naharlar bilen iýmitlendirilipdir.Netijede, türkmen sährasynda şir-peleňlere bäs gelýän türkmen alabaýlarynyň tohumy kemala gelipdir.

Türkmen alymlarynyň 2017-nji ýylda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy Daňdanakan ýadygärliginde ýüze çykarylan alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljigi hem Gündogary öwrenijileriň ylmy jemgyýetinde uly gyzyklanma döretdi. 2018-nji ýylda tassyklanan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň ugrunda ýerleşen Şähryslam arheologiýa ýadygärliginde geçirilen arheologiýa we etnografiýa ylmy gözlegleriň netijesinde bişen kerpijiň ýüzündäki itiň aýak yzlary ýüze çykaryldy.

Alym Arkadagymyz Türkmen alabaýy atly eserinde onuň dünýäniň itşynaslygyny öwrenmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny anyk deliller arkaly beýan edýär.

Döwletimiz tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda tejribeli hünärmenleriň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna etnografiýa ylmy-gözleg saparlaryny guramak indi asylly däbe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen alabaýy atly kitabynda beýan edilen Ýasydepe ýadygärliginden tapylan heýkel öňki ýüze çykarylan arheologiýa gymmatlyklaryň üstüni ýetirýär.Bu heýkeljigi özüniň tehnologiýa taýdan kämilligi, alabaýyň keşbini has aýdyň we owadan şekillendirendigi, mahlasy, çeperçiligi we mazmun taýdan has baýdygy bilen ýurdumyzda häzirki wagta çenli ýüze çykarylan türkmen alabaýynyň heýkelleriniň arasynda iň gowusy hasaplamak bolar.

Türkmen alymlary alabaýyň taryhy mirasyny hem-de gadymy Oguz kowumlarynyň dünýäniň itşynaslyk medeniýetiniň ösmegine goşan ajaýyp goşantlaryny öwrenmek boýunça ylmy gözlegleri işjeň dowam edýärler.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmen alabaý itini terbiýelemegiň milli tejribesi atly hödürnamasyny, maglumatlary toplamak we resminamalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Bu asyrlara ýaň saljak işler ýurdumyzyň itşynaslarynyň, döredijilik işgärleriniň, suratkeşleriň, halyçylaryň, heýkeltaraşlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, alymlaryň kalbyny egsilmez buýsanç duýgularyna besläp, alabaý itleri barada täze eserleri döretmäge, ylmy açyşlary amala aşyrmaga bolan ylham zehini barha joşdurýar.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi we onuň her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilmegi watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny püre-pürledi. Şu baýramçylyk mynasybetli Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň binasynyň hem-de welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleriniň, şeýle hem türkmen alabaý itleriniň bäsleşik merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaý itleriniň arasynda Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat önümleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi bu baýrama özboluşly öwüşgin çaýýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli geçirilýän dürli bäsleşikler we çäreler Daşoguz welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýär. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Maýa Gurbandurdyýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmen bedewi we alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi