Türkmen alabaýy-milli baýlyk, wepadar dost we tapylgysyz kömekçidir

Gündogar senenamasyna görä, 2018-nji ýylyň nyşany bolan it, biziň ýurdumyz üçin tanymal ýerli tohum iti alabaýdyr, olar asyrlarboýy türkmenleriň ygtybarly, wepadar dosty, tapylgysyz kömekçisi we hemrasy bolup galypdyr. Bu çydamly we gujurly itiň häsiýetinde agraslyk, ýagşy gylyk we gaýduwsyzlyk jemlenendir.

Adamlar gadymy döwürlerde mallaryny öýleriniň golaýynda bakan döwründe itler esasan obalaryň goragçysy hökmünde ulanylypdyr.Miladydan öňki I asyryň başynda göçegçi dowardarlar eýýamy başlanýar.Olar sürülerini sürüp, alys ýerlerde mal bakanda it ýaly wepadar goragçysyz oňmak kyn bolupdyr.

Häzirki türkmen itleriniň asly hem dowar bakmaga kömek edip, eýelerini we mallary ýyrtyjy haýwanlardan gorap gezipdirler.Türkmen alabaýy çydamlydyr, ol iýmit dannamaýar, köp wagtlap sürüni ýyrtyjy haýwanlardan goranda-da, bir döwüm çörek bilen oňňut edýär.

Taryhçylar bu itleriň dört müň ýyldan gowrak mundan ozal hem bolandygyny belleýärler.Alabaýlaryň gujurlylygy we tohum sypatlarynyň durnuklylygy olaryň aslyndan gelip çykýar.Kinolog-analitikler türkmen alabaýlarynyň aslynyň arasynda belent daglarda ýaşan göçegçi taýplaryň çopan itleri bolan tibet mastifflerini, şeýle hem Gadymy Gündogarda, Mesopotamiýada we Eýranda ýerli tohum-moloss toparyny urşujy itlerini agzaýarlar.

Alabaýlaryň aslynyň ilki Hytaýa düşüp, soňra Mongoliýa aşyp, şondan soň Orta Aziýa getirilendigi çaklanylýar.

Ýerli tohum itleri bilen çaknyşan tibet mastiffleriniň has güýçli ganlylara gatyşyp, kem-kemden türkmen itiniň häsiýetlerine eýe bolan bomagy mümkindir. Hamala, türkmen alabaýynyň asly bolan tibet iti baradaky maglumatlar ilkinji gezek miladydan öňki 1121-nji ýylda döredilen hasaplanylýan Senenamalar kitabynda“ duş gelýär. Ýöne biz alymlaryň elindäki taryhy maglumatlara ýüzleneliň.

Aýratyn tohum itleri hökmünde türkmen alabaýlary barada ilkinji gezek XI asyr edebi çeşmelerde ýatlanylýar.Arheologiýa bu babatda has anyk maglumat berýär: Jeýtunyň (miladydan öňki VI müňýyllyk) gadymy galasynda daýaw itleriň iň gadymky galyndylary tapylýar. Ýagny, miladydan ozalky II müňýyllykda Altyndepede (bürünç eýýamy) häzirki Türkmenistanyň ýerleşen ýerinde Orta Aziýa itlerine kybapdaş ullakan itler ýaşapdyrlar.

Diýmek, Altyndepede tapylan toýun heýkeljik has gadymy bolup, ol Senenamalar kitabyndakydan“ dokuz asyr uly bolýar. Şeýle hem Mary welaýatyndaky orta asyrlara degişli Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagty arheologlar türkmen alabaýlarynyň tohumlyk sypatlaryny açyk görkezýän syrçaly it heýkelini tapypdyrlar.

Merkezi Aziýanyň taryhyna beýik ýeňişleriň we göçegçi taýpalaryň ýörüşleriniň ençemesi girendir.Adamyň wepaly hemrasy itler hemişe taýpalaryň göçünde ýanynda bolupdyrlar.Emma häzirki Türkmenistanyň topragynda diňe bir tohum iti - türkmen alabaýy ilkibaşky görnüşinde saklanyp galypdyr.

Onuň keşbi-synaty 5 müň ýylyň dowamynda üýtgemän saklanypdyr.Türkmen alabaýynyň asyrlarboýy öz ilkibaşky keşbini we daýawlygyny saklap galmagy bu tohumyň belli ir ýerde ýaşanlygy bilen düşündirilýär. Şonuň üçinem bu ozboluşly tohumyň kemala gelşi barada ozaldan gelýän düşünjeleriň saklanyp galmagy, olar barada maglumatlaryň ýaýylmagy- milli taryhy-medeni mirasyň wajyp ugrydyr.

Onuň tohumy asyrlarboýy emeli we tebigy ýol bilen kämilleşdirilipdir: çopanlar güjükleriň diňe iri kelleli ekabyrjalaryny alyp galypdyrlar. Köp asyrlyk seçgi alabaýlaryň iň ýagşy tohumlyk sypatlaryny saklap galmaga we ösdürmäge ýardam edipdir. Häzirki döwürde hem olaryň tohumyny köpeltmek işleri dowam etdirilýär.

Türkmen alabaýy üýtgeşik tohum itidir.Ol diňe bir gujurly hem özbaşdak it bolman, eýsem eýesine aşa wepadar we hemişe kömege gaýym itdir.Türkmen alabaýynyň özboluşlylygy, ozaly bilen, adamlaryň olara isleginden gelip çykýar, olary adamlar özi üçin ýaşaýan howa şertlerine kybaplykda kemala getirilipdir.

Bu tohum itleri howanyň duýdansyz üýtgemeginden çekinmeýär, olar kölegede 45 gradus yssa we daglarda 30 gradus sowuga çenli howa şertlerine uýgunlaşandyrlar.Köp asyrlyk ösüş-özgeriş netijesinde itler şeýle bir çydamly bolupdyr welin, gyşyna we tomsuna açyk meýdanda ýaşap bilýärler, az iýmit bilen oňňut edinip, uzak wagtlap suwsuz hem oňýarlar.

Garşydaşyna gaýduwsyzlyk olaryň ganynda bolsa hem, olar öý haýwanlary bilen oňşukly ýaşaýarlar.Ol nätanyş adamlara hüşgär bolsa-da, adama topulmaýar.Alabaýlar gijelerine uka sak bolansoň sürüni gijelerine ygtybarly goraýarlar.

Ol sürüni halas etmek üçin janyny orta goýýar, ýyrtyjylara gorky-ürküsiz topulýar, şeýle hem sürüniň öňünden gidip, olaryň ýoluna gözegçilik edýär, yzyndan ýöräp, sürüni goraglaýar. Şonda-da olar hoşamaý, oýunçyl itlerdir, olar aýratynam çagalar bilen oýnamagy halaýarlar.

Türkmenleriň wepadar hoşamaý we gaýduwsyz alabaýlara söýgi-hormatyna düşünmek üçin bu ajaýyp itleriň aslyny, olaryň gelip çykyş taryhyny ýakyndan bilmegimiz gerek.

Ýene degişli makalalar

Noly kim oýlap tapdy?!
Ýollar halklary dostlaşdyrýar
Möhletinden öň saýlawlar geçirildi
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar
30.08.2018 | Türkmenistanyň medeni mirasy - adamzadyň baýlygy