Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy atly bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglamak dabarasy geçirildi.
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşigi şu ýylyň sentýabr aýynda yglan edildi. Bäsleşik yglan edilenden soňra oňa dürli žanrdaky döredijilik eserleriniň 100-den gowragy gelip gowuşdy. Bäsleşigiň emin agzalary gelen eserlere syn berdiler we iň gowy eserleri ýeňiji diýip yglan etdiler.
Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Akmyrat Muhadow, şeýle-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismaýyl Orazow dagy çykyş edip, ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaý itlerini köpeltmek, olary ösdürip ýetişdirmek, şeýle-de alabaý itlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, onda goşgy ýazmak boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň dramaturgiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nursoltan Derýaýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni, şahyr Meýlis Ballyýew, Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Oguljemal Amandurdyýewa ýeňiji boldy.
Makala ýazmak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Şamyrat Muhammetgurbanow, Mugallymlar gazeti gazetiniň uly habarçysy Altyngül Garaýewa, Aşgbat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň mugallymy Mährijemal Bereketowa, Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Amanowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýna Geldimyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Batyr Kulyýew, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Saparnepes Atabaýew dagy ýeňiji boldular.
Bäsleşikde hekaýa ýazmak boýunça Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Nurmyrat Ataýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň esasy hünärmeni Kümüş Atakişiýewa, şeýle-de Daşoguz şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Bibigül Ýagşymädowa ýeňiji bolmagy başardylar.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa hem-de Dürjemal Çaňlyýewa dagy Türkmen alabaýy atly aýdymy, şeýle-de türkmen halk sazlarynyň birnäçesini ýerine ýetirdiler.