Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen alabaýynyň keşbini çeper şekillendirmek boýunça iň oňat döredijilik işi ugrundaky bäsleşigiň netijelerini jemledi.
Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, aşakdaky ýeňijiler diýlip kesgitlenildi:
Haly eserini döretmek boýunça: Amanmyrat Gulberdiýew, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi, Türkmen alabaýy atly eseri;
Surat eseri boýunça: Bägül Artykowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Nakgaşçylyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby, Türkmeniň guwanjy asyrlaryň buýsanjy atly nakgaş eseri;
Heýkel eseri boýunça: Selbi Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby, Wepaly maşgala atly heýkel eseri;
Neşir önümi boýunça: Maýsa Ataberdiýewa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň surat dizaýneri, Türkmeniň nusgalyk alabaýy atly žurnalynyň bezeg işleri;
Teleoperatorçylyk işi boýunça: Döwletgeldi Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory, Wepadar atly wideo şekili.
Ozal biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleriň geçiriljekdigi barada habar beripdik.