Türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow: kanuny bozmandygym deliller bilen subut edildi

Türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow: kanuny bozmandygym deliller bilen subut edildi

11 martda adam hukuklaryny goraýjylar Orsýetde okaýan türkmenistanly student Mälikberdi Allamyradowyň we onuň özbegistanly kursdaşy Şöhrat Rahymowyň adminstratiw işlerine seretmek boýunça sud diňlenişigiň şol gün Galmygystanyň Elista şäher kazyýetinde geçendigini, olaryň Orsýetiň hiç bir kanunyny bozmandygy barada kaziýetiň höküm çykarandygyny habar beripdi.

22 ýaşly student Mälikberdi Allamyradow Azatlyk Radiosyna beren interwiýusynyň başynda kaziýetiň özüni doly aklandygyny habar berdi.

- Kazyýet meniň ýekelikde geçiren piketimde Orsýetiň hiç bir kanununy bozmandygym barada höküm çykardy we meni doly aklady.Sebäbi, biz üç sany delil bilen meniň ýekelikde geçiren piketimde kanun bozmandygymy subut etdik.

Birinjiden, polisiya maňa daşary ýurt raýatlarynyň piket geçirmäge hakynyň ýokdygyny ýaňzydypdy.Emma türkmenistanly aktiwistleriň Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministrligine ýollan hatyna berilen jogapda ministrlik studentleriň Russiýada protest geçirmäge kanuny hak-hukugynyň bardygyny tassyklady.

Biz ministrligiň hatyny kazyýete gowşurdyk.Ikinjiden, polisiýanyň protokolynda meniň piketim "köpçülikleýin miting“ diýlip ýazylypdyr. Ýöne, biz piketim wagtynda alynan wideýo ýazgyny kaziýete hödürläp, munuň hem ýalandygyny subut etdik. Üçünjiden, polisiýanyň protokolynda meniň piket geçiren ýerim Arbitraž kaziýetiniň ýerleşýän binasynyň golaýynda diýlipdir.

Emma ynsan hukuklary boýunça ýerli "Ýabloko“ guramasynyň başlygy Waleriý Podbaýew çykyş edip, munuň hem ýalandygyny subut etdi.

Allamyradow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginiň dowanynda 11-nji martdaky diňlenşige Türkmenistanyň wekillerini hem çagyrandygyny belledi.

- Men Orsýetiň Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygyna haýyşnama hatyny ýazdym we 11-nji martdaky diňlenşige gatnaşmaklaryny, meni goramaklaryny, birnäçe sowalyma jogap bermeklerini haýyş etdim.Emma, olardan hiç kim diňlenşige gelmedi.

Konsullygyň wekilleri diňe Whats app arkaly jaň etdiler.Haçanda, men olara maddy kynçylyklarymyz sebäpli pikete çykandygymy aýdanymda, olar studentlere elde baryny edip kömek berýändiklerini aýdyp, eger pulsuzlykdan kösensem, bir ýerde işlemegi maslahat berdiler.

Hatda, olar Russiýa Federasiýasynyň täze kanuny boýunça studentleriň işlemegine rugsat edilýändigini aýtdylar.

Ýatladyp geçsek, Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa bölüminiň 3-nji kurs studenti Mälikberdi Allamyradow 18-nji fewralda respublikanyň paýtagty Elistanyň merkezinde ýeke adamlyk pikete çykdy.

Piket baradaky wideo ýazgyda Allamyradowyň elinde “Türkmen diktatory bizi puldan mahrum etdi. Bu halka garşy genosid” diýen rusça ýazgyly plakaty tutup durandygy görünýär. Ol pikete başlandan 15 minutdan soň ony polisiýa saklapdy. Bu çäräni wideo ýazga düşüren özbegistanly student hem saklanypdy.

Allamyradow Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmenistanly studentlere pul ýollamak düzgünlerine girizen çäklendirmelerine garşy pikete çykandygyny aýtdy.

Ol Elista şäherinde geçiren ýekelikdäki piketini wideýo ýazga düşüren kursdaşy Şöhrat Rahymowyň hem 11-nji martdaky diňlenşikde aklanandygy barada aýtdy.

- Kaziýet kursdaşymyň hem hiç-hili günäsiniň ýokdugy barada höküm çykardy. Owalam aýdyşym ýaly, polisiýa meniň ýekelikdäki piketimi "jemgiýetçilik mitingi“ diýip protokolyna ýazypdyr. Emma meniň piketim wagtynda düşürilen wideo ýazgyda kursdaşym bilen aramyzda zerur uzaklygyň, distansiýanyň saklanandygyny, onuň elinde hiç bir plakatyň ýokdygyny, piketimiň köpçülikleýin çäre däldigini diňlenşikde gördüler.

Mälikberdi Allamyradow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde 11-nji martdaky diňlenşikde özüniň aklanandygyna okaýan uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we kursdaşlarynyň hem hoşal bolandygyny habar berdi.

- Olar kaziýetiň meniň bilen ilteşikli oňyn kararyndan hoşal boldular. Hatda, mugallymlarym meniň 18-nji fewralda geçiren ýekelikdäki piketimden soňra Orsýetden deportasiýa edilmegimiň, okuwdan çykarylmagymyň mümkindigine alada bildiripdirler. Olar bu barada meniň özüme däl-de, kursdaşlaryma aýdypdyrlar.

22 ýaşly blogçy Allamyradow YouTube-de türkmen häkimiýetlerine garşy çykyş edýän “Türkmenistan Ar Namys Üçin!” diýen kanalda hem tanalýar.

Adam hukuklaryny goraýan guramalaryň habaryna görä, kanalyň açylmagy bilen blogeriň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýaşaýan ene-atasy birnäçe gezek polisiýa bölümine çagyryldy, olardan kanaly ýapdyrmak, studentiň türkmen häkimiýetlerini tankytlamagyny bes etmegi talap edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow ýitirim boldy garaşsyz neşirler
Mary: Daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalary geçirimler bilen bagly arz-şikaýat bilen häkimlige bardy
“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler
“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler
Russiýa türkmen studentlerine serhetler açylýança, ýurtda galmagyna rugsat berdi
Hukuk toparlary türkmen oppozisiýasynyň ýaş pälwanyň ölümi bilen bagly daşardaky işjeňligi barada beýanat ýaýratdy