Türkmen aktiwisti Amsterdamda protest geçirip, öz problemasyna ünsi çekmek isleýär

Türkmen aktiwisti Amsterdamda protest geçirip, öz problemasyna ünsi çekmek isleýär

Niderlandlar türkmen aktiwistine gaçybatalga bermekden ýüz öwürdi. Ýewropa ýurdunda gaçybatalga almaga synanyşýan Nurmuhammet Annaýew öz ýüzlenmesiniň ret edilmeginden soň ýekelikdäki protest aksiýasyny geçirýär. Türkmen aktiwisti munuň bilen özüniň hem-de beýleki türkmen raýatlarynyň çykgynsyz ýagdaýyna köpçüligiň ünsüni çekmek isleýär.

Gollandiýanyň häkimiýetleriniň jogabyna ýarym ýyllap garaşan Nurmuhammet Annaýew özüne gaçybatalga bermekden ýüz öwrülmegine garaşmandygyny aýdýar. Türkmen aktiwisti bu ýagdaýdan öz närazylygyny bildirmek üçin Amsterdamyň merkezinde ýekelikdäki protest aksiýasyny geçirýär.

"Esasy maksadym, Türkmenistanyň repressiw syýasatyndan gaçyp, daşary ýurtlarda syýasy bosgunlyga ýüz tutan türkmenistanly ildeşlerimiziň syýasy ýagdaýyna bosgunly temasyna üns çekmek isleýärin.Meniň öz mysalyma, eýýäm iki ýyl we iki aý boldy. 2021 ýylyň 6-njy dekabrynda Şwesiýadan tabşyrdym, ondan soň Dublin prosedurasy sebäpli Polşa gaýtdym, ol ýerde 20 aýlap garaşyp, geçen ýylyň 8-nji awgustynda Gollandiýa gelip, gaçybatalga soradym.

Bu ýerde hem alty aýlap garaşdym" - diýip, Annaýew 8-nji fewralda Azatlyk Radiosyna Amsterdamdan telefon arkaly gürrüň berdi.

Annaýewe Gollandiýanyň Adalat ministliginden berlen resmi jogapda syýasy gaçybatalga sorap eden arzasynyň kanagatlandyrylmandygy we onuň 12-nji fewralda Polşa ugradyljakdygy aýdylýar.

Türkmen aktiwisti Polşada iki ýyla golaý wagtlap bolan döwründe gaçybatalga sorap, eden ýüzlenmeleriniň ikisiniň-de ret edilendigini aýdýar we bu ýurda ugradylmagynyň özüni ýene-de kesgitsiz we çykgynsyz ýagdaýa saljakdygyny belleýär.

Annaýew: "Düşünmeýän zadymyz, häzirki döwürde Russiýada, Türkiýede diňe tankydy bellikleri edenligi üçin tutulyp, äkidilip ýygnalýan aktiwistlerimiz barka, näme üçindir Ýewropanyň şol döwletlerden tapawutlylykda özüni görkezmeýändigi.Biz häzir açyk howp ýagdaýda, näme üçin diýseňiz, ne goragymyz bar, ne-de statusymyz bar, ne-de bir dokumentimiz bar.

Konsullyga ýüz tutup biz dokumentem alyp bilemzok.Gideli diýsek öýümize-de gidip bilemzok.Maşgalamyz bir döwletde, özümiz başga bir döwletde, olar bilen duşuşyp bilemzok we bu mesele süýnüp-gidip otyr we ýene näçe wagty aljagam belli däl. Şu ýagdaýda galýarys.

Demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, söz azatlygynyň jümmüşi diýlip hasaplanýan Ýewropada Türkmenistanyň diktaturasyna gujak açyjy işleriň alnyp barylmagy bizi gaty erbet gynandyrýar".

Türkmenistanyň raýaty Nurmuhammet Annaýew daşary ýurtlarda ýaşaýan we türkmen hökümetini açyk tankyt edýän aktiwistleriň biri.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary öz watanyndaky syýasy ýagdaý babatynda garaýyşlaryny we Türkmenistandaky problemalar barda tankytlaryny açyk mälim edip, 2020-nji ýyldan bäri köpçülikleýin çykyş edip başladylar.

Üç ýyl mundan ozal türkmen hökümetiniň ýurtda bolan heläkçilikli güýçli tebigy betbagtçylygy we koronawirus pandemiýasynda ýurtdaky keselçilik ýagdaýy ýaşyrmagy daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň arasynda öň görlüp-eşidilmedik syýasy aktiwligi tutaşdyrypdy. Türkmen raýatlary dürli ýurtlarda köpçülikleýin protest aksiýalarynyň onlarçasyny geçirdiler. Öz ady bilen sosial mediada çykyş edip, türkmen hökümetini açyk tankyt edip başlan türkmenler köpeldi.

Muňa garamazdan, türkmen hökümeti problemalary resmi taýdan boýun almady, emma aktiwistleriň ýurt içindäki ýakynlaryna yzygiderli zorluk görkezdi we daşary ýurtlardaky raýatlaryny dürli ýoldan yzarlady.

2022-2023-nji ýyllarda aktiwistlere öň görlüp-eşidilmedik basyşlar görkezildi. Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda birnäçe türkmen aktiwisti dürli ýurtlarda ýitirim boldy, käbirleri zor bilen Türkmenistana äkidildi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar soňky bir ýylda birnäçe aktiwistiň ýitirim bolmagynyň görlüp-eşidilmedik tendensiýasyna aladalanma bildirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen aktiwisti Annaýewe, gaçybatalga arzasy boýunça jogap çykýança, Niderlandlarda galmaga rugsat berildi
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy
Türkmen wekiliýeti IT boýunça “Cisco Live 2024” halkara forum gatnaşýar
Diňle: Türkmen aktiwisti Amsterdamda protest geçirip, öz problemasyna ünsi çekmek isleýär
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekiliýeti IT boýunça Cisco Live 2024 atly halkara forumyna gatnaşýar