Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler

Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler

Türkmensitanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen Olimpiýa oýunlary ― 2024-e taýýarlyk görýärler. Bu işde tälimçiler toparyna 52 ýaşly hytaýly hünärmen Lin Şufen hem ýardam berýär.

Lin Şufen 199-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir.Ol 1996-njy ýylda Atlanta şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy.Tälimçi türkmen ýygyndysy bilen geçen ýylyň güýzünden bäri işleşip gelýär.

Onuň ýolbaşçylygynda türkmen agyr atletikaçylary geçen ýylyň dekabr aýynda Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II ýaryşynda, şu ýylyň fewralynda Daşkentde geçirilen Aziýanyň çempionatynda we aprelde Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda medalla mynasyp boldular.

Baş tälimçi Mansur Rejebowyň we tejribeli hytaýly hünärmen Lin Şufeniň ýolbaşçylygyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna sekiz türgen ― birinji derejeli türgen Asal Kerimbaýewa, sport ussatlary Anamjan Rüstemowa, Seýitjan Mirzaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow, Gagysyz Töräýew, Şahzadbek Mätýakubow we Döwranbek Hasanbaýew dagylar gatnaşýar. Olar türgenleşiklerini Bakuriani dag şypahanasynyň binýadynda alyp barýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Atajan Daýyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy
11.03.2019 | Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Ildeşlerimiziň Dünýä çempionatyndaky üstünligi