Şu günler Kataryň Doha şäherinde agyr atletika boýunça “Gran-Pri II” ýaryşy geçirilýär. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň guraýan bu ýaryşyna türkmen türgenleri hem gatnaşýar.
2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän bu ýaryşa 70 döwletden 500 türgen gatnaşýar.
Türkmenistanly agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew öz agram derejesinde çykyş edip, bürünç medalyň eýesi boldy. Ol bu ýaryşda 150 kg we 188 kg, umumylykda bolsa, 338 kg agramy galdyryp, baýrakly orny eýelemegi başardy.
Ozal Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gaýgysyz Töräýew kümüş medalyň eýesi bolupdy.
Bu gezekki Katardaky ýaryşda altyn medaly Demirgazyk Koreýadan Ri Çon Song, kümüş medaly bolsa, Indoneziýadan Erwin Abdulla gazandy.
Şeýle hem Katardaky ýaryşa türkmen türgenleriniň 13-nji gatnaşýar. Olaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan Polina Gurýewa hem bar.