Günbatar Frakiýanyň Türk mugallymlar bileleşigi sosial media arkaly 21-nji fewral Bütin dünýä ene dili güni mybasybetli beýannama neşir etdi.
Beýannamada türk azlygynyň bilim pudagynda çekýän kynçylyklaryna üns çekildi.
Türkçe we grekçe bilim berýän başlangyç mekdepleriň açylmagynyň ähmiýetine üns çekilýän beýannamada, ene diliniň aragatnaşykdan daşgary medeni dowamlylyk taýdan hem möhümdigi nygtaldy.
Beýannamada; “Adamyň ene dilinden mahrum bolmagy ýa-da mahrum edilmegi, onuň diňe bir maşgalasy, milleti bilen bolan gatnaşyklarynyň kesilmegi däl, şol bir wagtda-da dünýä bilen aragatnaşygynyň kesilmegi diýmeklikdir. Dillerini ýitiren milletleriň, millet hökmünde galmaklary mümkin däldir. Ene dilinden çetleşen adam, ençeme milli gymmatlykdan hem çetleşýär” diýilýär.
Günbatar Frakiýada türkçe we grekçe bilim berýän başlangyç mekdepleriň açylmagyny talap edýän beýannamada, türk çagalaryny mekdeplerde diňe grekçe bilim almaga mejbur etmegiň “yzagalaklyk we mejbur ediji düşünjedigi” nygtalýar.
Ýewropanyň Günbatar Frakiýa Türk Federasiýasy tarapyndan çap edilen beýannamada bolsa; “Adamyň ene dilinde bilim almagy başlangyç adam hukuklaryndan biridir” diýilýär.