Mundan owal “Türkmenistanyň Hronikasynyň” türk mediasyna salgylanyp beren maglumatyna göra, Türkiýeli meşhur aktrisa Patma Girigiň Türkmenistanly bakyjysyna salgylanyp aktrisanyň dogany öz ýegenini we onuň ýatan hassahanasyny “geleňsizlikde” we “geleňsizlik bilen ölüme sebäp bolmakda” aýyplap, kazyýete beripdi.
Emma, türk metbugatynyň ýaýradan täze maglumatlaryna görä, Patma Girigiň ýegeni Patma Ahu Turanli, meşhur aktrisanyň bakyjysy Türkmenistanly Gözel Ýazyýewa barada koronawirus alamatlary ýüze çykandygyna garamazdan, Patma Giriga bakyjylygyny dowam etdirendigini aýdyp, aklawjysy Taşkan Kurtyň araçylygynda jenaýat işiniň gozgalmagy babatda Stambulyň baş prokuraturasyna ýüz tutdy diýip türk mediasy ýazýar.
Ýakynda Patma Girigiň bakjysy Gözel Ýazyýewanyň “ synagym oňyn çykdy. Emma, Ahu synagyň netijesini meşhur aktrisanyň doganyna iberme diýip duýdurdy. Güneý Girik soňra öwrendi” diýendigini neşir ýazýar.
Fatma Girik 24-nji ýanwarda Stambulda saglygyny bejertýän hassahanada 79 ýaşynda aradan çykypdy.
Onuň ýegeni Patma Ahu Turanli aklawjysy arkaly Türkmenistanly Gözel Ýazyýewany “geleňsizlik we dykgatsyzlyk sebäpli ölüme sebäp bolmak”aýyplamasy bilen Stambulyň baş prokuraturasynda jenaýat işiniň gozgalmagyny sorady.
Arzada Gözel Ýazyýewanyň keselden şübhelenendigi, işe gelmeden owal döwlet hassahanasynda mugtuna PCR synagyny etdirmek mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, ony etdirmän gizledigi we aktrisa jaýlanandan soňky sadaka çenli köp adamy töwekgelçilikde goýandygy bellendi.
“Patma Girik hassahananyň agyr keselliler bölümine alynandan soňra, 21-nji ýanwarda Ýazyýewanyň etdiren koronawirus synagynyň oňyn çykandygyny diňe onuň özi bilýärdi.Bizler ony juda ýakynda öwrendik.
Ol koronawirus synagynyň oňyn çykandygyna seretmezden, 27-nji ýanwarda Stambuldaky Teşwikýe metjidinde we ýalňyşmasam, 28-nji ýanwarda Bodrumda gurnalan jynaza çärelerine gatnaşdy.Sadaka berlen öýlerde boldy” diýip aklawjy Taşkan Kurt belleýär diýip türk mediasy ýazýar.
The post Türkiýeli meşhur aktrisanyň Türkmenistanly bakyjysy geleňsizlikde we dykgatsyzlyk sebäpli ölüme sebäp bolmakda’ aýyplanýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.