Türkiýeli koronawirusdan, partlamadan we ýertitremeden aman galdy

Türkiýeli koronawirusdan, partlamadan we ýertitremeden aman galdy

Türkiýäniň Islahiýe şäheriniň 78 ýaşly ýaşaýjysy Halil Karakuş koronawirusy agyr geçirdi, partlamada aman galdy, golaýda bolan güýçli ýer yranmasynda hem halas boldy.

Ýurduň TRT teleýaýlymyň habar bermegine görä, ol we aýaly 2020-nji ýylda koronawirus bilen keselledi, aýaly ýokanjyň pidasy boldy, Karakuşy ýagdaýynyň agyrlygy üçin hassahananyň tiz bejergi bölümine geçirdiler, emma ol ýerde 11 adamyň gurban bolmagyna getiren partlama boldy. Ýaralanan gojany başga hassahana geçirdiler, ol ýerde 70 gün ýatandan soň sagaldy.

6-njy fewrada Türkiýede bolan elhenç ýer yranmasynda Karakuş öýünde dogan-garyndaşlary bilen otyrdy. Ol ikinji gatdaky öýüniň penjiresinden böküp ýetişdi. Häzir ol konteýner öýde ýaşaýar. Bu barada Vesti.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

TRT Damaskda wekilhana açar
Saha Türkçesi - 1
Uýgur Türkçesi - 2
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar
Uýgur Türkçesi
Boks Basleşikleriniň Legendar Alyp Baryjysy Aýhan Ginnesiň Rekordlar Kitabyna Girdi