Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi

Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi

Şu gün Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilýän Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy bolar. Halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleri, kino aktýorlary we kino bilermenleri paýtagtymyz Aşgabada geldiler.

Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, halkara festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyzda gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda meşhur türk aktýory Burak Özçiwit hem bar. Burak Özçiwit hem-de Türkiýäniň kino hünärmenleri paýtagtymyz Aşgabada geldiler.

Häzirki wagtda Gurluş: Osman teleserialynda çykyş edýän Burak Özçiwit hem-de bu serialy surata düşürýän kinorežissýor Mehmet Bozdag we ýanyndaky wekiliýet Aşgabadyň halkara howa menzilinde garşylandy.

Mundan başga-da, halkara kinofestiwalyň maksatnamasynda Burak Özçiwidiň baş keşbi ýerine ýetiren Gurluş: Osman atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende ýurdumyzyň wekilleri garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrandyklaryny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Abdulhamit Süleýman Çolpan
Mustafa Ali Mehmet
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 300 turnirindäki ýeňşi üçin 100 müň amerikan dollaryny gazandy
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar