Türkiyeden Yraga elektrik tok eksport edilmäge başlandy

Türkiyeden Yraga elektrik tok eksport edilmäge başlandy

Energetika we tebigy serişdeler ministrliginden berilen beýanatda, prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 22-nji aprelde Yrak döwletine guran saparyna ýoldaşlyk eden Alparslan Baýraktaryň Bagdat we Erbil şäherlerine guran saparynyň çäginde kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandygy ýatladyldy.

Sapardan 3 aý soň iki ýurduň energetika ugrunda täze ädim edendigi bellenen beýanatda, 3 aýdan soň Yrak döwletine elektrik toguň eksport edilmäge başlanandygy, Türkiye bilen Yragyň arasynda häzirki wagtda bar bolan 400 kW Jizre-Kasek baglanyşyk liniýasynyň üsti bilen Yrak döwletine maksimum 300 megawatta çenli elektrik togunyň eksport ediljekdigi aýan edildi.

X sosial media hasabyndan beýanat berem Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar: "Galkynyş ýoly taslamasy bilen sebitimiziň asudalygyna we parahatçylygyna goşant goşjak goňşymyz Yrak döwletine elektrik tok eksportynymyzy düýn ýaňadandan başlatdyk. Durmuşa geçirjek maýa guýumlarymyz bilen Galkynyş ýoluny şol bir wagtda bir Energiýa ýoly hökmünde hem ýola goýarys" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyeden Nigere Ýokary Derejeli Sapar Guralar