Türkiyeden Nigere Ýokary Derejeli Sapar Guralar

Türkiyeden Nigere Ýokary Derejeli Sapar Guralar

Türkiyeden Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigere ýokary derejeli sapar guralar

Daşary işler ministri Hakan Fidan we Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Nigerde saparda bolar.

Türk resmi wekiliýetinde Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün bilen Söwda ministriniň orunbasary Özgür Wolkan hem ýer alýar.

Türkiýe Niger bilen uzak ýyllardan bäri ýakyndan gatnaşyk edýär.

Türk firmalary Nigerde esasan energetika, magdançylyk we kärendeçilik pudaklarynda iş alyp barýar.

Türk resmi wekiliýetiniň Nigere gurajak saparynyň çäginde özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleriniň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ysraýyl Gaza urşuna goşant goşan afrikaly we hindistanly bosgunlara ýaşaýyş rugsadyny berýar
Erdogan: "Türkiye global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar" diýdi
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi