“Türkmenistanyň Hronikasynyň” Türkiýedäki habarçylary 21-nji maýda türk lukmanlarynyň toparynyň, şol sanda tanymal anesteziologyň gyssagly ýagdaýda Aşgabada uçandygyny habar berýärler. Bu barada Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministliginiň wekili gürrüň berdi.
Türkmenistana gaýdýan irki reýsde jemi 10 lukman uçdy, olaryň arasynda Stambuldaky Mejidiýeköý Okmeýda klinikasynyň üç medisina professory, Şişli (ýerli ýaşaýjylar “fransuzlaryňky” diýýärler) klinikasynyň iki professory, Amerkanyň Ýeşilköý klinikasynyň iki professory we bir anesteziolog-reanimatology bar. Şeýle-de, ýöriteleşdirilen fiziki reabiliatasiýa merkeziniň lukmany iberildi.
21-nji maýda Youtube-däki ERKIN TÜRKMENISTAN kanalynda maglumat çap edilip, onda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar. TH-nyň habarçysyna bu maglumaty tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.
ÝHHG-nyň resmi saýtynyň maglumatyna görä, 21-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti bu guramanyň iş başyndaky başlygyny, Slowakiýanyň DIM-niň başlygy Miroslaw Laýçagy kabul etdi. Soňra türkmen telewideniýesinde duşuşygyň ýazgysy görkezildi.
Ähtimal, medisina kömegi prezidente däl, döwlet baştutanynyň ýakynlarynyň birine zerur bolandyr.
Goşmaça. “Turkmen Yurt TV” neşiriniň maglumatyna görä, prezidentiň ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa agyr hassa halynd aýatyr.