Türkiýeden Baku Tbilisi Kars demir ýolunyň üsti bilen ilkinji ýük otlusy ýola goýuldy

Türkiýeden Baku  Tbilisi  Kars demir ýolunyň üsti bilen ilkinji ýük otlusy ýola goýuldy

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda demirýol pudagynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşindäki ýene-de bir taslama durmuşa geçirilip başlandy.

Maglumatlara görä, eksport üçin 15 wagon ýüklerden ybarat ýük otlusy Türkiýäniň Ankara şäherinden Russiýanyň Worsino bekedine çenli iberildi. Bu ýük otlusy 8 günde, jemi 4650 kilometr ýol geçip, öz barmaly menziline ýeter.

Ýük otlusynyň 40 putluk (put 16,3 kilogramma barabar bolan agyrlyk ölçegi) ýük wagonlary, esasan türk kompaniýalary tarapyndan öndürilen öý goşlaryndan ybaratdyr. Bu ýük otlusyndaky ýüküň umumy agramy 150 tonnadyr.

Ýük otlusy Baku Tbilisi Kars demir ýoly hem-de Türkiýeden, Gruziýadan we Azerbaýjandan geçýän Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi arkaly Russiýa barar.

Demirýol pudagyndaky bu halkara hyzmatdaşlygy Türkiýäniň Pasifik Eurasia Logistics, Gruziýanyň GR Logistics, Azerbaýjanyň ADY Konteyner we Russiýanyň Russian Railways Logistics kompaniýalarynyň taraplar üçin özara bähbitli işewürlik tagallarynyň netijesinde amala aşyrylýar.

Geçen ýylyň ahyrynda bolsa iki eksport otlusy Türkiýeden Hytaýyň Sian şäherine eltildi.

Ýene degişli makalalar

"SpaceX", "Alibaba" we "Boeing" Aşgabatda geçiriljek transport maslahatyna gatnaşarlar
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Amanullah Transport and Logistics kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär
Türkmenistan multimodal ugur boýunça Hytaýa buýan köküniň uly tapgyryny ýetirdi
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýasy Azerbaýjanda ilkinji wekilhanasyny açar
Üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahat