Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy

Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy

Türkiýede içi ýolagçyly awtobus çuň jara gaçdy diýip, Belta.by belarus saýty ýazýar.

Ýol-ulag heläkçiligi Ankara-Nigde ýolunda boldy. Awtobus dolandyryşy ýitirdi we käle gaçdy. Netijede, iki adam pida boldy, 36 adam şikes aldy. Wakanyň bolan ýerine gyssagly gulluklar: poliseýler, lukmanlar we ýangyn söndürijiler geldi.

Ýolagçylaryň biriniň aýtmagyna görä, sürüji ruluň başynda uklady.

Pakistanda hem ýolagçy awtobusynyň jülgä gaçandygy habar berilýär. Heläkçilik netijesinde 20 adam gurban boldy diýip, 24KZ habar berdi. 30 adam şikes aldy, bäş adam agyr ýagdaýda.

Heläkçilik ýurduň demirgazygynda, Çilas şäherinden 20 kilometrlikde boldy. Sürüji ulagy dolandyryp bilmedi.

Pakistanyň Hökümet başlygy gurban bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady