Türkiýäniň Malatýa ülkesinde güýji 5,9 balla bolan ýertitremede üç bina bölekleýin ýykyldy. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar edarasyna (AFAD) salgylanýan Report ýazýar.
Ýer sarsgynlarynyň merkezi Kale etrabynda hasaba alyndy, onuň ojagy 10,07 kilometr çuňlukda ýerleşdi.