Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy

Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy

Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary sentýabr aýynda geçen ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 37,3 göterim artdy.

Türkiyäniň Statistika guramasy sentýabr aýynyň ýaşayş jaý satuwlary bilen bagly görkezijileri paýlaşdy.

Şoňa laýyklykda Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary sentýabr aýynda geçen ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 37,3 göterim artyp, 140 müň 919-a ýetdi.

Ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5,2 göterim artyp, 947 müň 236-a ýetdi.

Stambul sentýabr aýynda ýaşaýyş jaý satuwynda 21 müň 314 bilen iň köp paý alan welaýat boldy. Bu welaýatdan soň 13 müň 205 paýtagt Ankara, 7 müň 612 bilen Izmir bar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy
Türkiyäniň ilaty 85 million 664 müň 944 adama ýetdi
MSC Diwina Kruiz Gämisi Izmire Geldi
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Kruiz Gämileri Izmire Gelmäge Dowam Edýär
Aprel Aýynda Eksport 0,1 Göterim Artyp 19 Milliard 272 Million Dollara Barabar Boldy