Türkiýede Urartu döwletine degişli bir tonnalyk heýkel tapyldy

Türkiýede Urartu döwletine degişli bir tonnalyk heýkel tapyldy

Türkiýäniň Wan şäherinde Urartu döwrüne degişli, agramy bir tonna töweregi bazalt heýkel tapyldy diýip, Arkeonews neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Heýkel bitewi daşdan ýasalyp, ol dörtburç göwreli, kelle sudurly we aýdyň bolmadyk ýüz keşplidir.

Bu eýýäm ikinji heýkel tapyndy bolmak bilen, arheologlar 2023-nji ýylda hem şeýle görnüşli gymmatlygy tapypdylar. Tapyndy golaý wagtda Wan şäheriniň muzeýine eltiler.

Urartu Ermenistandaky gadymy şalyk bolup, onuň merkezi Gündogar Türkiýede ýerleşipdir. Alymlaryň pikirine görä, az heýkeltaraşlyk eserleriniň miras galandygy sebäpli, Urartu has az öwrenilen medeniýetleriň biri bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Uralogly: "Pekin bilen Londonyň arasynda ýük daşamagyň möhledi 25 güne çenli azalar" diýdi
Stambul Howa Menzili Ýewropada Birinjiligi Dowam Etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny