Türkiyede uly göwrümli zamun çalşygy amala aşyryldy

Türkiyede uly göwrümli zamun çalşygy amala aşyryldy

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä paýtagt Ankara şäherinde geçirilen zamun çalşygy operasiýasynyň çäginde ABŞ-dan 2 uçar, Germaniýa, Polşa, Sloweniýa, Norwegiýa we Russiýa döwletlerinden bolsa her birinden 1 uçar bolmak bilen jemi 7 uçar bilen 26 adam Türkiyä getirildi.

Operasiýanyň çäginde 2-si çaga jemi 10 zamun Russiýa, 13 zamun Germaniýa, 3 zamun bolsa ABŞ berildi.

Bu operasiýa soňky ýyllarda ABŞ, Russiýa we Germaniýa döwletleriniň arasynda amala aşyrylan iň uly zamun çalşygy hökmünde hasaba alyndy.

Alyş-çalyş operasiýasy gepleşikler tapgyrynyň iň başyndan, zamun çalşygynyň ahyryna çenli Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan dolandyryldy.

Milli Howosuzlyk gullugy gepleşikleriň başyndan soňuna çenli araçylyk tagallalaryny üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Rus sungat işgäri Türk Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine haýran galdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Prezident Erdogan ABŞ-ly kärdeşi Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Boldy
ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Palestinany ykrar etmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi