Daşary yurtlarda ýaşaýan we okaýan türkmen raýatlarynyň öz kesellerini bejertmekde kyn ýagdaýlary başdan geçirýändikleri, hatda, saglyk ätiýaçy ýokdugy sebäpli, aradan çykýandygy barada aktiwistler we garaşsyz çeşmeler Azatlyk Radiosyna maglumat berýärler. Ylaytada, soňky döwürde agyr keselden ejir çekýän türkmen raýatlarynyň, olaryň hossarlarynyň ýa-da dostlarynyň sosial ulgamlar arkaly kömek sorap çykyş etmesi köpeldi diýip olar aýdýarlar.
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýaşaýan türkmenistanly zähmet migranlarynyň biriniň ýeňňesi öz baldyzy, 35 ýaşly Zülhumar Reýimbergenowanyň ýatgy rak keseliniň agyr görnüşinden ejir çekýändigi barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Biziň gelnimiz Zülhumar Reýimbergenowanyň Türkmenistanda 5 çagasy bar.Bir aý mundan öň lukmanlar onuň ýatgysynda rak keseli üçünji etapda diýen diagnoz goýdular.Lukmanlar onuň bejergisi üçin hepdesine iki müň dollar talap edýärler.
Häzirlikçe bir hepdelik tölegini etdik.Ol ýene-de bäş hepde bejergi almaly. Ýagny hepdede bir gün himiýaterapiýa, bäş gün radioterapiýa almaly” diýip, ol sözüniň dowamynda baldyzynyň saglyk ätiýajynyň ýokdygy sebäpli, Stambulyň Esenýurt etrabynyň Riýap hususy keselhanasynda bejergi alýandygyny we munuň özleri üçin örän gymmatdygyny habar berdi.
“Häzir Stambuldaky şirketler işçilerine saglyk ätiýajy etmeýärler. Bu owallar bardy. Şol sebäpli bize turist, töleg etmeli hassa hökmünde garaýarlar. Ol Esenýurtdaky Riýap hususy hassahanada ýatyr” diýip, Zulhumaryň ýeňňesi gürrüň berdi.
35 ýaşly we 5 çaganyň enesi Reýimbergenowanyň ýeňňesi Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan kömek sorap, ýüz tutandyklaryny we olaryň ilkinji uçar bilen Zülhumary Türkmenistana ibermegi söz berendiklerini, maddy kömek üçin saglyk ministrligine ýüz tutmagy maslahat berendiklerini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde nygtady.
“Men Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna gitdim. Bolýar. Biz hassaňyzy ilkinji uçar bilen Türkmenistana ibereris diýdiler” diýip, ol belledi.
Käbir aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar hem daşary ýurtlarda agyr kesellerden ejir çekýän türkmen raýatlarynyň hasam artandygyny belläp, bularyň sosial ulgamlar arkaly kömek soramagy bilen bagly möhüm meseläniň bardygyna ünsi çekýärler.
Olaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häkimiýetler daşary ýurtlarda agyr kesellere duçar bolan raýatlaryna ýardam etmegiň ýerine sosial ulgamlar arkaly kömek sorap çykyş edýän migrantlaryň ýa-da studentleriň Türkmenistandaky hossarlaryna basyş edip, olaryň wideo çykyşlaryny sosial ulgamdan aýyrmagyny talap edýändikleri barada birnäçe fakt bar.
Bu barada adam hukuklary boýunça düýbi Bolgariýadaky “Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa Azatlyk Radiosyna şeýle diýýär.
“Ölüm ýassygynda ýatan geliniň garyndaşlarynyň häkimiýetlerden kömek sorap ýüz tutandygyny öwrendik. Iň bolmanda, ony ýurdumyzda jaýlasak gowy bolardy diýip haýyş edenlerinde, ýerli hukuk goraýjy edaralar şol geliniň garyndaşlaryna basyş edipdirler” diýip, Begmedowa habar berdi.
Emma bu meseleler barasynda türkmen resmilerinden maglumat ýa-da kommentariýa alyp bolmady.
35 ýaşly Zülhumar Reýimbergenowanyň ýeňňesi ýatgysynda rak keselinden ejir çekýän baldyzynyň bejergisi üçin ilkinji tölege Stambuldaky türkmen raýatlarynyň kömek edendigini, baldyzy üçin ýene-de ýardamy haýyş edýändiklerini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginiň ahyrynda aýtdy.
Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň saglyk we beýleki sosial problemalary barasynda maglumat bermeýärler.
Türk häkimiýetleriniň resmi habaryna görä, 2020-nji ýylyň dowamynda 87 müň 200 türkmenistanly Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.