Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi

Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi

Ankaranyň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusow tussag edilmegine protest bildirip açlyk yglan etdiler. Olaryň biri 28-nji aprelde Sinop şäherindäki öýünden polisiýa tarapyndan alnyp gidildi, beýlekisi şol gün migrasiýa edarasyna hasaba durmak üçin çygyryldy. Türkiýede kanun esasynda ýaşaýan tükmenistanlylaryň ikisi-de bir günde saklanyp, Ankara alnyp baryldy.

Ankaradaky deportasiýa lagerinde iki türkmen blogçysyna Türkmenistana meýletin deportasiýa edilmek barada şertnama gol çekmek teklip edildi diýip, adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" 28-nji aprelde habar berdi.

Maglumata görä, Alişer Sahatowa we Abdylla Orusowa daşary ýurtlular we halkara gorag baradaky kanunyň 54/1-nji maddasyna laýyklykda günä bildirilýändigi habar berlipdir we olardan meýletin deportasiýa razylyk talap edilipdir.

"Emma olar ret etdiler we ýygnanan polisiýa işgärlerine aklawçysyz haýsydyr bir resminama gol çekmek niýetiniň ýokdugyny aýtdylar. Şeýle hem olar işi kazyýetde diňlenýänçä resminamalara gol çekmek niýetiniň ýokdugy aklawçylara habar bermegi deportasiýa merkeziniň işgärlerinden sorapdyr" diýlip, THF-niň maglumatynda bellenýär.

Türkmen aktiwistleriniň ýakynlary olaryň Ankaranyň "Ak guýy" deportasiýa merkezinde saklanýandygyny habar berdiler.

Alişer Sahatow 28-nji aprelde irden tussag edildi. Onuň maşgalasy Gülala Hasanowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, daňdan Türkiýäniň wagty bilen sagat 7:00-da, raýat eşikli näbelli adamlar öýlerinde baryp, ýoldaşyny polisiýa müdirligine alyp gidipdir.

Sinop şäherinde 28-nji aprelde saklanan 31 ýaşly türkmen blogçysy Abdylla Orusow tussag edilmeginiň öňüsyrasynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Migrasiýa edarasyna barýandygyny, sebäbi hasaba durmak barada özüne hem geçen anna güni, hem-de şol gün irden çakylygyň gelendigini gürrüň berdi.

Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan blogerleriň saklanmagynyň sebäpleri olaryň özlerine we ýakynlarynda dessine mälim edilmedi. Azatlyk Radiosy türk resmilerinden häzirlikçe resmi düşündiriş alyp bilmedi.

39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edilýär, şeýle-de ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi we korrupsiýa ýaly problemalar gozgalýar. Kanalynyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.

Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Blogerleriň saklanmagy jemgyýetçilik reaksiýasyny döretdi.

Birnäçe türkmen dissidenti media platformalarynda, şol sanda Youtube arkaly adamlara ýüzlenip, tussag edilenlere raýdaşlyk bildirmäge we goldaw bermäge çagyryş etdiler.

"Häzirlikçe aktiwistler açlyk yglan etdiler we olaryn ýagdaýy günden-güne agyrlaşyp başlar" diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly öz watandaşlarynyň ýagdaýyna aladalanma bildirdi.

Türkmen aktiwistleriniň Türkiýede tussag edilmegi BMG-da Türkmenistanyň gynamalar we zor bilen ýitirim edilmeler hakyndaky hasabatynyň diňlenmeginiň hut yzýanyna gabat geldi.

Soňky iki ýyl bäri Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi ýitirim boldy we soň olaryň gizlin ýagdaýda watanyna ugradylandygy köpçülige mälim boldy.

2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden zor bilen Türkmenistana alnyp gidilenleriň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.

Olardan ikisiniň atlary 24-nji aprelde BMG-niň Gynamalar we zor bilen ýitirim edilmeler komitetiniň 82-nji sessiýasynda türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew tarapyndan agzaldy.

Wepa Hajyýew öz çykyşynda Döwran Imamowy agzady we onuň Türkmenistana dolanandan soň tussag edilmändigini aýtdy.

"Raýat jemgyýetçiligi diýilýäniň wekilleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndan alnan maglumata görä, raýat Döwran Imamow saklanmady, tussaglyga sezewar edilmedi we suda çekilmedi" diýip, Wepa Hajyýew aýtdy.

Şeýle-de, Hajyýew Serdar Durdylyýew hem azatlykda diýdi.

"Maglumata laýyklykda, raýat Serdar Durdylyýew we Ömrüzäk Omargulyýew saklanmady, tussaglyga sezewar edilmedi we suda çekilmedi. Soňkusy arkaýyn telekeçilik bilen meşgullanýar" diýip, Wepa Hajyýew aýtdy.

Türkmenistanyň BMG-de Ženewadaky hemişeki wekili Hajyýew tarapyndan agzalan Omruzak Omargulyýew türkmen häkimiýetleri tarapyndan Türkiýeden Türkmenistana hyzmatdaşlyk üçin çagyrylandan soň ýitirm bolupdy.

BMG-däki çykyşynda türkmen resmisi daşary ýurtlardan zor bilen alnyp gidilen we dereksiz ýiten beýleki türkmen aktiwistleriniň atlaryny agzamady we ykbalyny aýdyňlaşdyrmady.

Azatlyk Radiosy Hajyýewiň tussag edilmändigini aýdan Döwran Imamowyň we Serdar Durdylyýewiň soňky ykbaly barada olaryň özleri we ýakynlary bilen habarlaşmak boýunça eden synanyşygy netije bermedi.

Bu iki türkmenistanlynyň we daşary ýurtlardan ýitirm edilen we soň gizlin ýagdaýda zor bilen Türkmenistana alnyp gidilen beýleki türkmen aktiwistleri bilen ne olaryň hossarlarynda, ne-de media serişdelerinde aragatnaşyk bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy
Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Diňle: THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar