Çawuşogly Stambulda Argentinanyň Daşary işler, Halkara söwda we dini ynançlar ministri Santiago Jafiero bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda käbir ýurtlaryň Türkiýedäki wekilhanalaryny doly maglumat bermezden wagtlaýynça ýapmagynyň “bilkastlaýyndygyny” aýtdy.
Ministr Çawuşogly konsullyklaryň ýapylmagyny ýazgaryp; “İçeri işler ministrligine soradyk, anyk maglumat ýok. Onuň bilkastlaýyndygyny pikir edýäris. Düýn çagyrylan ilçilere hem şony aýtdyk. Şol wekilhanalary ýapmak hakynda bize maglumat bermezlikleri bilkastlaýyn. Bärde “Türkiýe durnuksyz, Türkiýede terror bar” düşünjesini ýüze çykarmak isleýän bolsalar, ol dostluga-da ýaranlyga-da gelişmeýär” diýdi.