Türkiýede Tebigy Gaz Merkeziniň 2024-nji Ýylda Açylmagyna Garaşylýar

Türkiýede Tebigy Gaz Merkeziniň 2024-nji Ýylda Açylmagyna Garaşylýar

Nowak rus teleýaýlymy “Rossiýa-24-e” beren interwýusynda energetika pudagyndaky wakalar hakynda maglumat berdi.

Ýewropada başdan geçirilýän käbir wakalaryn energetika pudagyna möhüm täsirleriniň bardygyny aýdan Nowak: “Ýewropada tebigy gaz sarp edişin 2021-nji ýyldan bäri 100 milliard m3-dan gowrak azalandygyny görýäris. Sarp edişin 2021-nji ýylda 609 milliard m3 bolan bolsa, şu ýyl 490 milliard m3-a çenli aşaklamagyna garaşylýar” diýdi.

Rus energetika pudagynyň durnukly işlemäge dowam edýändigini we býujete goşant goşýandygyny nygtan Nowak; “Russiýanyň Maliýe ministrliginiň çaklamalaryna görä nebitden we tebigy gazdan alynýan girdejiler şu ýyl 9 trillion dollara (98 milliard dollar) barabar bolar we ol 2021-nji ýyldaky mukdara ýakyn” diýdi.

Türkiýede gurulmagy meýilleşdirilýän tebigy gaz merkezi hakynda-da durup geçen Nowak; “Hyzmatdaşlarymyz bilen amatly iş meýilnamasynyň düzülmegi boýunça ylalaşdyk we ol hem ýakyn gelejekde tassyklanar. Şol iş meýilnamasynyň çäginde taslamany iş ýüzüne geçirmäge başlarys.

Türk hyzmatdaşlarymyz tejribelerimizi öwrenmek üçin golaýda Sankt Peterburga sapar ederler we onuň Türkiýede elektronik platforma we merkez gurmak üçin peýdaly boljakdygyna ynanýaryn.Taslamanyň 2024-nji ýylda iş ýüzüne geçmage başlamagyny tama edýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Nowak: ýylyň ikinji ýarymynda energiýa serişdeleri gymmatlap biler
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy