Türkiýede Ismail Heniýýe Üçin 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Türkiýede Ismail Heniýýe Üçin 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Prezident R. T. Erdogan, Hamasyň syýasy lideri İsmail Heniýýeniň şehit edilmegi sebäpli şu gün 1 günlük milli ýasyň yglan edilendigini mälim etdi.

Prezident Erdogan sosial mediadan beren habarnamasynda “Palestina gowgasyna goldaw berýändigimizi we palestinaly doganlarymyz bilen arkalaşykly hereket edýändigimizi görkezmek maksady bilen Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň şehit edilmegi sebäpli 2-nji awgustda anna güni 1 günlik milli ýas yglan edildi. Ismail Heniýýäni we palestinaly ähli şehitleri uly hormat bilen hatyralaýarys. Öz adymdan we halkymyň adyndan Palestinanyň halkyna gynanç bildirýärin” diýdi.

Prezident Erdogan habarnamasynda Milli ýasyň yglan edilendigi baradaky karara hem ýer berdi

Eýranyň täze Prezidenti Mesud Pezekşiýanyň kasam ediş dabarasyna gatnaşmak üçin 31-nji iýulda Tährana giden Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Palestinada 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi
Türkiye Hamasyň Lideri Ismail Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy
Jewdet Ýylmaz, Heniýýeniň Jynaza Namazyna Gatnaşar
Liwiýada 17 Bäbege Ismail Ady Goýuldy
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy
Tähranda Hamasyň lideri Ismail Heniýýe öldürildi