Türkiýede işden çykarylan türkmen raýaty öňki başlygyny atyp öldürdi

Türkiýede işden çykarylan türkmen raýaty öňki başlygyny atyp öldürdi

Türkiýäniň Kojaeli welaýatynda işden çykarylan Türkmenistanyň bir raýaty öňki başlygyny sapança bilen atyp öldürdi. Türk polisiýasy wakanyň bolan ýerinden gaçyp giden türkmen raýatyny bir binanyň üçeginde tussag etdi. Bu barada Türkiýäniň metbugat serişdeleri habar berýär.

Haberler.com neşiriniň 18-nji oktýabrda çap eden habaryna görä, Kojaeliniň Gebze etrabyndaky galyndylary gaýtadan işleýän desganyň eýesi Serwet Temurtaş iş ýerinde işleýän türkmen raýatyny bir hepde öň işden çykarýar. Habarda türkmen raýatynyň adynyň we familiýasynyň diňe baş harplary aýan edilip, I.Ý. diýlip atlandyrylýar.

"Geçen ýekşenbe güni irden iş ýerine gelen I.Ý. öňki başlygy Serwet Temurtaşa ýaragly hüjüm etdi. Hüjümiň netijesinde bedenine köp sanly ok degip, agyr ýaralanan Temurtaş Stambuldaky keselhana ýerleşdirildi. Ähli saglyk bejergilerine garamazdan, Temurtaş aradan çykdy" diýlip, habarda aýdylýar.

Türkiýäniň polisiýasy tarapyndan bir binanyň üçeginde tutulan türkmen raýatynyň wakada ulanan sapançasy hem ele salyndy. Türk metbugatynda waka barada derňew işiniň dowam edýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýurt raýatlary tarapyndan okuw we iş üçin iň köp ýykgyn edilýän ýurtlaryň biri hasaplanýan Türkiýede, türk häkimiýetleriniň 6-njy oktýabrdaky maglumatyna görä, 221 müňden gowrak türkmenistanly kanuny rugsat bilen ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler Türkiýedäki türkmenleriň umumy sanynyň resmi sanlardan ençeme esse köpdügini çaklaýarlar.

Türkmen häkimiýetleri Türkiýede okaýan we ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany, şeýle-de olar barada türk metbugatynda ýygy-ýygydan çykýan habarlar barada maglumat bermeýärler. Bu barada resmi metbugat hem dymýar.

Ýöne geçen aý türkmen hökümeti, käbir türk media serişdeleri tarapyndan "belki dünýäde birinji gezek bolýan ýagdaý" diýlip häsiýetlendirilen haýyş bilen Türkiýäniň häkimiýetlerine ýüzlendi.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat çap edip, Aşgabadyň Ankaradan türkmen raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorandygyny habar berdi.

Aradan 10 gün geçensoň, Ankara türkmenistanlylar üçin ozaldan bar bolan 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bu baradaky karara 13-nji sentýabrda gol çekdi.

Türkmen DIM-i bu ädimini Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen diýip esaslandyrdy. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan synçylar bu ädimi Türkmenistanyň öz raýatlarynyň halkara hereketini mundan beýläk hem çäklendirmek synanyşygy diýip häsiýetlendirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Stambulda türkmenistanly zenan neşe satmakda tussag edildi
“Ysraýylyň Döwlet Terroryna Garşy Durmak Türkiýäniň Milli Meselesi”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan TOGG ulagynyň synag sürüşini amala aşyrdy
Geçen ýyl daşary ýurtlylar Türkiýäniň 70 welaýatyndan ýaşaýyş jaý satyn aldylar
Türk Zenan Milli Ýygyndy Basketbol Komandasy Sloweniýany Utdy