Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň işgäriniň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna aýtmagyna görä, watanyna dolanmak isleýän iki müňden gowrak türkmenistanlyny diplomatiýa edarasy resmi hasaba aldy.
Türkiýede galan käbir raýatlar koronawirus ýokanjynyň “Delta” görnüşiniň tiz ýaýraýandygyna howatyrlanýarlar we iň bolmanda çagalaryny öýlerine ibermäge çalyşýarlar.
“Bizden konsulhanada ýanýoldaşymyň,meniň pasportymyň we çagalarymyzyň dogulyş şahadatnamalarynyň notarusda tassyklanan nusgalaryny talap etdiler. Biz olary 850 türk lirasyna, 97 amerikan dollaryna taýýarladyk we konsulhana getirdik. Bizi nobata goýdular we haçan uçar gatnawynyň boljakdygy anyk däl ” diýip Balkanabatly zenan “TH” žurnalistine aýdýar.
Konsulhananyň öňünde uly nobat bar. Adamlary merkezi däl-de, “gara girişden” içeri goýberýärler. Resminamalary iki işgär kabul edýär. Olar özlerini tanyşdyrmaýar we känbir mylakatly däl.
Nobata duranlaryň sözlerine görä, häzir uçar biletiniň bahasy 380 dollara deň. Biletiň bahasy ulylara we çagalara birmeňzeş. Eger bir müň dollar para berseň, onda iň golaýdaky uçar gatnawyna bilet satyn almak mümkin.
Käbirleri “Türkmenistan howaýollarynyň” Stambulyň howa menzilindäki wekilhanasyna ýüz tutmagy maslahat berýär.
Stambuldan Türkmenbaşa ahyrky ýörite uçar gatnawy 15-nji iýunda bolupdy.
Türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýewiň maglumatyna görä, bu reýse 291 ýolagçy münüp bildi.The post Türkiýede iki müňden gowrak Türkmenistanly watanyna dolanmaga garaşýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.