Ýurt derejesinde 7 aýry zolakda howa şarlary bilen uçmak mümkinçiligi hödürlenýär. Şol çäkde 67 aýry kärhana iş alyp barýan bolsa, 431 howa şary bilen uçuş amala aşyrylýar.
Newşehir welaýatynyň Kappadokiýa, Denizli welaýatynyň Pamukkale, Kaýseri welaýatynyň Soganly, Newşehir welaýatynyň Çat, Aksaraý welaýatynyň Yhlara jülgesinde, Afýonkarahisar welaýatynyň Frigiýa jülgesinde we Antalýa welaýatynyň Aspendos zolaklarynda geçen ýyl 36 müň 810 howa şary uçuryldy. Şolarda 747 müň 203 ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara hyzmat berildi.
Soňky wagtlarda täze zolaklarda howa şarlarynyň uçurylmagy bilen bagly bildirilýän talaplar gözden geçirilmäge başlandy.