Türkiýede Çilim Çekýänleriň Sany Azaldy

Türkiýede Çilim Çekýänleriň Sany Azaldy

“Bütindünýä temmäkisiz güni we daşky gurşaw hepdeligine bagyşlanan” çärä gatnaşmak üçin Türkiýeden we dünýäniň dürli ýurtlaryndan Stambula gelen ýaşlar hem-de türgenler bilen duşuşan Erdogan, myhmanlaryň temmäki we temmäki önümleri hakyndaky pikirlerini diňledi.

Erdogan duşuşykda şeýle diýdi: “Dünýäde günde 20 müň adam çilim sebäpli ýüze çykýan hassalyklardan ýogalýar. Ýurdumyzda bosla ýylda 85 müň raýatymyzy temmäkä gurban berýäris; temmäki diňe bir adamy zäherlemeýär. Şol bir wagtda dünýämizi hem hapalaýar.

Dünýäde çaga ilatynyň ýarysyna barabary temmäki tüssesiniň hapalan howasyndan dem almaga mejbur bolýar. Çilimiň tüssesi 4 müňden gowrak toksiki we kanserogen maddany özünde jemleýär.temmäki önümleriniň düzümindäki toksini we beýleki kansoregen maddalary ýaýradyp, çekýän adamyň golaýyndakylar üçin hapa giňişlik emele getirýär.

Temmäki çekmeýändigine garamazdan oňa sezewar bolýanlaryň ýagdaýy hasam agyr. Çilimiň ähli zyýanlaryna garamazdan temmäki senagaty güýçlenmäge, ýylda 700 milliard dollar girdeji almaga dowam edtýär.”

Prezident Erdogan egilşiksiz pozisiýalarynyň netijesinde Türkiýede çilim çekýänleriň sanynyň kem-käs hem bolsa azalmagyna hoşallyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Temmäki önümleriniň ygtyýarnamasyz söwdasyna garşy göreş batlanýar
Çilimiň bahasy 100 manada çykdy, sil suwlarynda zaýa bolan çilimler 35-40 manatdan satylýar
Çilim çäklendirmeleri ýurduň temmäki önümlerinden doly saplanmagyna alyp gelmedi - ýerli ýaşaýjylar
Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar
Çilim söwdasynyň 'täze kadalary' nobatlaryň azaljagyny aňlatmaýar
Maryda çilim söwdagärlerine garşy reýdler geçirilip, çilim çekýänler saklanýar