Türkiýede bolan ýer sarsgynyndan iki hepde soň, türkmen migrantlary nähili kynçylyga duçar bolýar?

Türkiýede bolan ýer sarsgynyndan iki hepde soň, türkmen migrantlary nähili kynçylyga duçar bolýar?

Türkiýede bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren ýer sarsgynyndan iki hepde töweregi wagt geçdi. Heläkçilikden ejir çeken sebitlerde halas ediş işleri heniz hem dowam edýär.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Kahramanmaraş şäherinde 7,8 ballyk ýer titremesi boldy. Munuň ertesi güni, 7-nji fewralda ýurduň günorta-gündogar Hataý şäherinde hem 7,5 ballyk ikinji bir ýer sarsgyny boldy. Goňşy Siriýanyň günbatar we demirgazyk sebitleri hem bu iri ýer sarsgynlaryndan ejir çekdi.

Türkiýede bolan ýer titreme ýurduň 10 töweregi sebitinde 13 milliondan gowrak adama göni täsir etdi. 17-nji fewrala çenli diňe Türkiýede ýer titremesinde aradan çykanlaryň sany 38 müň adamdan geçdi. Siriýada ýer sarsgynynda ölenleriň sany 6 müň töweregi adama golaýlady.

Türkiýede ýüzlerçe müň türkmenistanly ýaşaýar. Düýä Türkmenleriniň bu sany Türkiýede bolan heläkçilikli ýer titremesinden iki hepde soň, sebitdäki soňky ýagdaýlara gönükdirilýär. Gepleşigimize Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Alişer Sahatow gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Russiýanyň Komi Awtonomiýasynda Bolan Otly Heläkçiliginde 70 Adam Ýaralandy
ABŞ-da Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
Russiýada Su-34 Kysymly Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri Geçirilýär