Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy

Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy

Türkiýäniň Sinop şäherinde iki sany türkmenistanly bloger Alişer Sahatow we Abdulla Orusow polisiýa tarapyndan saklandy. Olaryň saklanmagynyň sebäpleri dessine mälim edilmedi. Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) iki türkmen aktiwistiniň tas bir wagtda tussag edilendigini belledi.

Alişer Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde 28-nji aprelde daňdan Türkiýäniň wagty bilen sagat 7:00-da, raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan ýoldaşynyň alnyp gidilenligini habar berdi.

Birnäçe sagatdan soň THF Sinopda tussag edilen Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň lukmançylyk barlagyndan soň Ankaradaky deportasiýa lagerine geçirilendigini habar berdi.

"Aktiwistleriň ikisi-de tussag edilenden soň ýerli keselhanada hökmany lukmançylyk barlagyndan geçirilipdir we şu gün (28-nji aprel) sagat 12:00-da Ankara iberilipdir" diýlip maglumatda Sahatowyň aýalyna salgylanyp, habar berildi.

Şol günüň özünde Sinop şäherinde ýene bir türkmenistanly 31 ýaşly türkmen blogçysy Abdulla Orusow tussag edildi.

Adam hukuklaryny goraýjy "THF"-nyň habaryna görä, Orusow "Sinop çeýik kuvvet şube müdürlügü" polisiýa merkezine hasaba durmak üçin çagyrylypdyr.

"Häzirki wagtda A. Orusow lukmançylyk barlagyndan geçdi we deportasiýa merkezine geçirilmegi meýilleşdirilýär" diýip, adam hukuklaryny goraýjy gurama 28-nji aprelde irden çap eden maglumatynda habar berdi.

Blogçylaryň tussag edilen wagtyndaolaryň ýakynlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Orusow Sinop şäheriniň "Göç edarasynda" (migrasiýa gullugynda) we Sahatow "Emniyet" müdirliginde polisiýa departamentinde saklanypdyr. Habarçymyz bu edaralara jaň edende edara wekilleri jogap bermekden ýüz öwürdiler.

Sahatowyň maşgalasy Gülala adamsynyň tussag edilen wagtynda güýç gulluklarynyň ýoldaşyna adwokat bilen habarlaşmak we bir gezek jaň etmek hukugyndan peýdalanmaga rugsat bermänligini gürrüň berdi.

Soňra Alişeriň egindeşleri Alişere we Abdulla adwokatlaryň kömeginden peýdalanmaga mümkinçiligiň döredilendigini anyklandy.

Azatlyk Radiosy blogçylaryň ykbaly bilen bagly ýagdaýlary yzarlamagy dowam etdirýär.

Alişer Sahatow we Abdylla Orusow türkmenistanlylaryň arasynda tanymal blogerler hasaplanýar.

39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube çykyşlarynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edilýär, şeýle-de ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi we korrupsiýa ýaly problemalar gozgalýar. Kanalynyň 5 müň çemesi tomaşaçysy bar.

Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri “Abdulla” alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Aktiwistleriň Türkiýäniň çäginde resmi ýaşaýyş rugsady bar. Şeýle-de, olar iki ýyl mundan ozal Türkiýäniň Sinop şäherinde halkara gorag statusyny almaklyk üçin ýerli hökümete ýüz tutdular we bu işine seredilmegi üçin nobatda durýarlar.

Türkmen aktiwistleriniň tussag edilmegi barada türk mediasynda hem habar berildi.

"Haksöz haber" neşiriniň "Türkmen aktiwistleri Orusow bilen Sahatow ölümine iberilýärmi?" sözbaşyly makalasynda Sinopda tussag edilen iki sany türkmen aktiwistiniň deportasiýa edilmek howpy barada aýdylýar.

"Olaryň aktiwist bolandygy sebäpli [Türkmenistana] iberilmeginden we öldürilmeginden gorkýan maşgalalary biparh bolmadyk jemgyýetleri çäre görmäge çagyrýarlar" diýlip maglumatda aýdylýar.

Türk metbugatynda: "Türkmenistanyň zulumly we despotik režiminiň adam hukuklaryny goraýjylary dymdyrmak üçin edýän basyşlarynyň netijesinde Türkiýede ýaşaýan dissidentler çynlakaý kynçylyklara duçar bolýarlar" diýlip, Türkiýede soňky ýyllarda birnäçe türkmen aktiwistiniň tussag edilip, zor bilen Türkmenistana ugradylandygy ýatladylýar.

Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi 2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň adam hukuklarynyň depelenmegi barada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan edilýän tankytlary ýyllarboýy ret edýär.

24-nji aprelde BMG-niň Gynamalar we zor bilen ýitirim edilmeler komitetiniň 82-nji sessiýasynda türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew çykyş etdi.

Türkmen resmisi Türkmenistan tarapyndan BMG-ä 50 golaý adam barada hasabat berlendigini agzady, emma daşary ýurtlardan zor bilen alnyp gidilen we dereksiz ýiten türkmen aktiwistleriniň köpüsini agzamady.

Wepa Hajyýew öz çykyşynda Döwran Ymamowy agzaldy we onuň Türkmenistana dolanandan soň tussag edilmändigini aýtdy, şeýle-de Serdar Durdylyýew hem azatlykda diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar
Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
Gahryman Arkadagymyz Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ ÝOKARY ORDENI BILEN SYLAGLANYLDY