Paýtagt Ankara şäherinde çäreler Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabirde başlar, Prezidentiň kompleksinde geçiriljek çäre bilen bolsa tamamlanar.
Paýtagt Ankara şäherindäki çäreler Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet agzalarynyň Türkiyäniň wagty bilen sagat 10:30-da Anytkabire etjek zyýaraty bilen başlar.
Anytkabire ediljek zyýaratdan soň Prezident Erdogan Türkiyäniň wagty bilen sagat 11:30-da Prezidentiň kompleksinde geçiriljek gutlag dabarasy bilen gutaglary kabul eder.
Çäreler TBMM-den Birinji mejlise çenli amala aşyryljak ýöriş dabarasy bilen dowam eder. TBMM-de ýöriş dabarasyndan ozal Mehteran topary we Garyşyk aýdym-saz toparlarynyň konsertleri geçiriler. Ýöriş dabarasyna Türk Ýyldyzlary topary hem çykyş edip, ýoldaşlyk eder.
Prezident Erdogan dabaralaryň çäginde Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-da Harby akademiýanyň gutardyş dabarasyna gatnaşar.
30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 102-nji ýyly Prezidentiň kompleksinde geçiriljek programma bilen hem bellenilip geçiler.
Prezident Erdogan programma gatnaşjak adamlara ýüzlenip çykyş eder.
Prezident kompleksiniň esasy binasy gyzyl we ak reňklerde yşyklandyrylar.
30-njy awgust Ýeňiş baýramy diňe paýtagt Ankara şäherinde däl, eýsem ýurduň 81 welaýatynda welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek dabaralar bilen bellenilip geçiler.