Türkiýede 2 müň ýaşly ýerasty şäher tapyldy

Türkiýede 2 müň ýaşly ýerasty şäher tapyldy

Türkiýäniň Kaýseri şäheriniň ýaşaýjysy öz öýüni abatlaýarka, onuň astyndan ýerasty şäher tapdy.

Ylmy barlaglar netijesinde, häzirkizaman binanyň aşagyndan azyndan iki sany özbaşdak gat tapyldy, olar ötükler bilen birleşýärler. Tapyndynyň ýaşyny 2 müň ýyl diýip bahaladylar diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýerasty şäheriň uzynlygy 150-200 metr çemesidir. Öýüň eýesi ilkibaşda bu ýeriň taryhy gymmaty barada pikirem etmändiklerini aýdýar. Olar ýerasty giňişlikleri saraý hökmünde ulanyp, oňa çyrasyz girmäge gorkupdyrlar.

Geçen ýüzýyllyklaryň dowamynda ýerasty zolaklar zibilden dolup gidipdir. Häzir onuň diňe üstki gatlagy arassalandy. Öý eýesi ýerli häkimiýetleri doly gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge çagyrdy diýip, DHA habarlar gullugy habar berdi.

Kaýseri şäherine gadymy döwürde Kesariýa diýlipdir, ol Rim ülkesiniň merkezi bolupdyr.

Arheologlar ýerasty şäheriň gurluşyk tehnologiýasynyň, otaglaryň meýilnamalaşdyrylyşynyň we bölünişiniň uly gyzyklanma döredýändigini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

2 müň ýyllyk ýerasty şäher ýüze çykaryldy
Kaýseride ýer yrandy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Kaýseri Bünýan Halysy
Trendýol Super Liganyň 7-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 6-njy hepdesi tamam boldy