Türkiyede 11 asyrlyk dub agajy bar

Türkiyede 11 asyrlyk dub agajy bar

Türkiyäniň Bolu welaýatynyň Mengen etrabynda "Türkiyäniň iň garrysy" hökmünde bellige alynan dub agajy 1127 ýaşynda.

Mamatlar obasy ýaýlagynda ýerleşýän dub agajy, 2005-nji ýylda "Türkiyäniň iň garry dub agajy" hökmünde hasaba alyndy.

Takmynan 1127 ýaşyndadygy çak edilýän bu agajyň diametri 363 santimetr, beýikligi 16 metr we aýlawy 11,4 metr.

Bolunyň merkezinde we Mengen, Göynük we Mudurnu etraplarynda monumental agaç hökmünde hasaba alnan we ýaşlary 220 bilen 630 aralygynda üýtgeýän dub, listwennisa, çynar we türk funduk agaçlary gorag astyndadyr.

Ýene degişli makalalar

Bolu Gerede Şakşak halwasy
Perudaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artýar
Peruwyň ilkinji zenan Prezidenti
Marynyň polisiýasy para bermekden ýüz öwüren Süleýman Baýramgeldiýewi ýene yzarlaýar
Türkiýede ýertitremede 20 adam ejir çekdi
“Boluň, pagta ýygyň! Çalt boluň!”: Lebapda mejbury pagta ýygymy