Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere Türkmenistandan düşek we ýyladyjy ugradyldy

Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere Türkmenistandan düşek we ýyladyjy ugradyldy

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek bermek maksady bilen 100 sany düşek we 60 sany ýyladyjy iberdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp, “Anadolu” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň şu güne çenli geçiren haýyr-sahawat çäresiniň çäklerinde Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenlere jemi 6971 sany ýorgan, 100 sany düşek, 20 sany generator, 60 sany ýyladyjy, 6 sany göçme hajathana, 11 tonna egin-eşik, 44 tonna lukmançylyk enjamlary we 67 tonna azyk önümleri ugradyldy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Türkmenistanyň ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ibermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Associated Press” halkara habarlar agentligine görä, Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu 6-njy fewralda Türkiýede bolan ýertitremede wepat bolanlaryň sanynyň 43 müň 556 adama ýetendigini aýtdy.

Türkiýäniň Hataý welaýatynda duşenbe güni 6,4 bala deň bolan ýene bir güýçli ýertitreme bolup geçdi.

Ýene degişli makalalar

2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär
Türkmenistan we HGHK sebit bölümi 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdiler
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdi