Türkiýedäki wakadan soň, häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurda gitmegini çäklendirmäge çalyşýar’

Türkiýedäki wakadan soň, häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurda gitmegini çäklendirmäge çalyşýar’

Türkiýede dört türkmen raýatynyň öz watandaşy tarapyndan wagşylarça öldürilmeginiň yz ýany, türkmen häkimiýetleri ýurt raýatlarynyň daşary döwletlere gitmegini gaýtadan çäklendirmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Balkan welaýatynyň migrasiýa edarasyndaky çeşmämiz wakadan soň raýatlara biometriki pasport bermegi azaltmak barada Aşgabatdan tabşyrygyň gelendigini aýtdy. Bu aralykda pajygaly waka, soňky günlerde sosial ulgamlaryň türkmenistanly ulanyjylarynyň arasynda seslenme döretdi.

“Wakadan soň, sebit ýaşaýjylaryna biometriki pasport bermegi ýa-da onuň möhletini uzaltmagy çäklendirmek barada Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkanabatdaky edarasyna tabşyryk gelip gowuşdy. Aşgabadyň dilden beren bu tabşyrygynda raýatlara biometriki pasport bermegi tas nola çenli azaltmak berk tabşyryldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Ýatlatsak, 18-nji iýunda Türkiýäniň Izmir şäherinde dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy. Olary öldürmekde aýyplanýan Türkmenistanyň raýaty Saparmurad Hallyew jenaýatlary amala aşyrmagyna “gabanjaňlygyň” sebäp bolandygyny we olary 13-nji iýunda öldürendigini boýun aldy.

Çeşmämiziň sözlerine görä, Döwlet Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky baş edarasy tabşyrygyň sebäpleri barada düşündiriş bermändir. Azatlyk Radiosynyň 22-nji iýunda bu barada Döwlet Migrasiýa gullugyndan we onuň Balkanabatdaky edarasyndan telefon arkaly goşmaça maglumat almak synanyşyklary başa barmady.

Bu aralykda, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza üçin ýüzlenýän türkmen raýatlarynyň resminamalaryny kabul etmegi wagtlaýyn bes edendigi barada hem maglumatlar gelip gowuşýar.

“Iki gün bäri ilçihana adamlaryň resminamalaryny almaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.

Azatlygyň ynamdar çeşmesiniň beren maglumatyna görä, türkmen hökümeti türk ilçihanasyna raýatlara wiza bermegi wagtlaýyn bes etmegi haýyş edipdir.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabatdaky türk ilçihanasy we konsulhanasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne türk wekilhanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 22-nji iýunda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.

Bu aralykda, pajygaly waka soňky günlerde türkmenistanlylaryň arasynda sosial ulgamlardaky esasy çekişmeleriň birine öwrüldi. Habarçylarymyz waka bilen bagly garaýyşlary boýunça Instagramdaky we TikTokdaky türkmen ulanyjylarynyň esasan iki topara bölünendigini aýtdylar.

Bir topary munuň türkmen hökümetiniň şowsuzlygynyň netijesidigini aýdyp, şeýle pajygaly ýagdaýlara ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň sebäp bolýandygyny belledi.

Beýleki topar bolsa, Türkmenistanda “bolçulygyň” höküm sürýändigini, özleriniň “gül ýaly durmuşda ýaşaýandyklaryny” öňe sürüp, “daşary ýurda gidip işlemäge zerurlygyň ýokdugyny” aýtdy.

“Sosial ulanyjylaryň bir toparynyň arasynda türkmen zenanlaryna bu hem az’ diýenler hem bar” diýip, habarçymyz belledi.

Bu aralykda, türk mediasy türkmen raýatlary Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň öldürilmegi bilen bagly täze maglumatlary köpçülige ýetirmegi dowam etdirýär.

Hanymowa bilen 10 ýyl halaşan Hallyewiň jesetleri 160 bölege bölendigi, şol sanda diňe Kerimowyň jesedini 60 bölege bölendigi anyklandy diýip, “Milliyet” neşiri Hallyewiň mundan öň gassaplyk işinde işländigini hem belledi.

Soňky dört gün bäri türk metbugatynda giňden beýan edilen pajygaly waka barada, adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri dymyşlygyny saklaýarlar.

Azatlygyň 22-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we konsulhanasyny bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 15-nji iýundaky sanlaryna görä, 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik tussaglyga höküm edilmegini sorady
Türk prokurorlary türkmen raýatynyň agyrlaşdyrylan ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini sorady
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkiýede dört türkmeniň öldürilmegi: 'Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim'
Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy