Türkiýedäki ýerli saýlawlar Türkmenistanyň içinde raýatlaryň arasynda uly gyzyklanma döredi. Oppozision partiýalarynyň wekilleri Stambul we Ankara şäherleriniň häkimleri wezipeleri ugrundaky ses berişlikde esli öňe saýlandyrlar. Saýlawlara üns bilen syn edýän türkmenistanlylar munuň türkmen jemgyýeti üçin "görelde" we "umyt" döredendigini aýdýarlar.
Türk oppozisiýasynyň gazanan ýeňşi Türkmenistanda uly "täsir" we "çekişme" döretdi diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy adaty raýatlaryň bu habary uly ruhlanma bilen kabul edendigini habar berýär:
"Ýerli birnäçe intelligensiýa wekili iki-çäk gürrüňdeşlikde doganlyk döwletde geçen saýlawlarda soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagtda ilkinji gezek türk oppozisiýasynyň ýeňiş gazanmagyny türkmen raýat jemgyýeti üçin hem "ynam we görelde uçguny" bolandygyny bellediler".
31-nji martda Türkiýede geçirlen ýerli saýlawlarda Türkiýäniň iň uly şäheri Stambulyň häkimi wezipesi ugrundaky ses berilikde prezident Rejep Taýyp Erdogana garşy çykyş edýän häzirki häkim Ekrem Ymamgolu öňde barýar. Oppozision respublikan halk partiýasynyň wekili, Ankaranyň häzirki häkimi Mansur Ýawaş hem Türkiýäniň paýtagtyny dolandyrmak wezipesine gaýtadan saýlanmak ugrundaky göreşde öňde barýar.
Sesleriň 60% -den gowragy sanalandan soň, türk metbugatynda 1-nji aprelde irden çap edilen deslapky netijelere görä, Ymamgolu 50% çemesi, dolandyryjy partiýanyň wekili Murat Kurum bolsa 41% çemesi ses alypdyr.
Azatlyk bilen anonim söhbetdeş bolan käri boýunça žurnalist türkmenabatly pensioner özüniň Türkiýäniň oppozisiýasynyň öňe saýlanmagyny demokratiýanyň ýeňişi diýip, kabul edýändigini aýýar.
"Bu saýlawlarda türk demokratiýasy ýeňdi, uzaga çeken awtoritarizmiň soňuna ýetip bolunjagy subut edildi. Bu örän möhüm we tutuş Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ähmiýetli syýasy hadysa. Doganlyk türk halky awtoritarizmi ýeňmekde ilkinji nobatda jemgyýetde syýasy erkiň we syýasy işjeňligiň bolmalydygyny görkezdi. Türkmenistanyň erkin pikirli raýat jemgyýeti üçin bu uly bir şatlykly habar" diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy aýtdy.
Aşgabatly syýasy synçynyň pikirine görä, Türkiýede geçirilen ýerli saýlawlaryň netijeleri we oňa prezident Erdoganyň öz partiýasynyň ýeňlişini boýun alyp, bildiren reaksiýasy tutuş Merkezi Aziýa üçin täsirli ýagdaý bolup biler.
"Merkezi Aziýanyň diktator we awtoritar liderleri üçin uly ähmiýetli bolar.Sebäbi olar Türkiýe ýaly sebite ýakyn bolan ýurtda syýasy özgerişleri, demokratik hadysalary uly gorky we ynamsyzlyk bilen kabul edýärler.
Türkmenistanyň awtoritar režimi bu habardan soň Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine we migrantlaryna bolan çydamsyzlygyny has hem güýçlendirmegi mümkin.Türkmen ýolbaşçylary türkmen raýatlarynyň awtoritarizmi halkyň ýeňip bilýändigini öz gözi bilen görmegine "howp" hökmünde garaýarlar.
Olar şonuň üçin türkmen raýatlaryny Türkiýeden üzňeleşdirmegiň ýoluna düşmegi mümkin" diýip, aşgabatly syýasatçy öz pikirini paýlaşy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan häkimiýet başyndaky öz partiýasyna garşydaş oppozison güýçleriň öňe çykmagyny boýun aldy we "halkyň isleginiň" berjaý ediljegini aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen Daşoguzly taryh we jemgyýeti öwreniş derslerinden sapak berýän mekdep mugallymynyň aýtmagyna görä, Türkiýedäki saýlawlar türkmen ýaşlarynda-da gyzyklanma we soraglaryň ençemesini döredipdir.
"Türk jemgyýetiniň syýasy düşünjesi we aktiwligi türkmen raýatlaryny, şol sanda ata-enesi Türkiýede zähmet çekýän ýokary synp mekdep okuwçylaryny Türkmenistanda näme üçin raýatlaryň şeýle syýasy erke eýe bolup bilmezligi hakynda pikirlenmäge iterýär, okuwçylar hem sapaklarda şeýle hili hadysalara reaksiýa bildirýärler, sebäbi olara bu hakynda şol ýurtda işleýän garyndaşlary aýdyp berýärler .
Bu örän gowy habar.Türkmen jemgyýetinde hem syýasy erk we aktiwlik hakynda çekişmeleri etmegiň wagty hem bireýýäm geldi" diýip, daşoguzly mugallym aýdýar.
Marydaky çeşmäniň sözlerine görä, Türkiýä gatnap, ýük getirýän ýerli telekeçiler türk oppozisiýasynyň ýeňşini uly ynam bilen kabul edipdir.
"Bu gowy habar, Türkiýede islendik partiýa ses berip bilýärsiň, islendik sosial topar öz partiýasyny döredip bilýär.Emma bizde hiç hili syýasy erk ýok.Ine, meselem, Türkmenistanda "Telekeçiler we senagatçylar" partiýasy bar, ýöne ol partiýanyň hiç hili syýasy işjeňligi ýok, hökümet tarapyndan döredilen we "jübi" partiýasy hökmünde tanalýan bu partiýanyň telekeçiler we umuman bazar ykdysadyýetiniň agzalary üçin hiç hili peýdasy ýok" diýip, maryly çeşme aýdýar.
Türkiýe iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän türkmen raýatlarynyň sany boýunça öňde barýan ýurt. 15 ýyllap saklanan wizasyz gatnaw mümkinçiligi Türkiýäni türkmen raýatlarynyň gazanç, okuw, syýahatçylyk we saglyk maksatlary üçin iň köp barýan ýurduna öwürdi. 2022-nji ýylyň sentýabrynda girizilen wiza düzgüni, migrantlara garşy çäreleriň güýçlenmegi we türkmen raýatlarynyň müňlerçesiniň deportasiýa edilmegi, Türkiýäniň türkmen raýatlary üçin meşhurlygyny gowşatmady.
Türkiýäniň özünde ýekşenbe günki şäher saýlawlaryna 2028-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan öňki güýç synagy hökmünde garalýar we Erdoganyň gaýtadan saýlanmagyna garaşylmaýar. 2014-nji ýyldan bäri prezident wezipesinde galýan Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýet ugrundaky syýasy karýerasy Stambulyň häkimi wezipesinden başlandy. Ol premýer-ministr hökmünde hem Türkiýäniň syýasatynda möhüm rol oýnady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.