Türkiyedäki 90 müň metjitde sala okaldy

Salanyň sesi 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly döwlet agdarylyşygy synanyşygynda halkyň arasynda raýdaşlyk ruhuny güýçlendirdi.

15-nji iýuldan 16-njy iýula geçýän gije takmynan 90 müň metjitde Türkiyäniň wagty bilen sagat 00:13-de salalar ýaňadandan ýaňlandy.

Paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet metjidindäki sala Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş tarapyndan okaldy.

"15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli raýatlar Stambuldaky metjitleri doldurdylar.

Aýasofýa metjidinde hem sala okaldy.

Paýtagt Ankara şäherindäki Hajy Baýram Weli metjidinde "Erte namazy duşuşygy" atly çäre geçirildi.

Namaza ymamlyk eden Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş 15-nji iýulda şehit bolan we şikes ýeten adamlar üçin doga-dileg etdi.

Ýene degişli makalalar

Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Türkmen häkimiýetleri ýaş dindarlary soraga çekýärler
Lebapda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan soň, juma namazyna barýan adamlar azaldy
bagtyýarlyk çeşmesi
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Aýasofýada 88 Ýyl Soň İlkinji Gezek Tarawa Namazy Okaldy