Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi

Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi X sosial media hasabyndan Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogany we Türkiyäni nyşana alyp sosial media hasabyndan beren beýanaty barada beýannama berdi.

Beýannamada Katsyň prezident Erdogan we Türkiye bilen bagly töhmet we ýalan sözlerden ybarat beýanat berendigi bellenip: "Ady agzalan şahsyýetiň genosid jenaýatyny edip, adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde geçen Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň düzüminde hem hiç hili abraýy ýokdur. Kats ýrdumyzdaky sosial media ulanyjylarynyň ünsüni özüne çekmek üçin gün tertipde galmaga we genosid ulgamyndaky ornuny goramaga synanyşýar" diýip belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi beren beýannamasynda Türkiyäniň hakykatlary beýan etmegini we palestinalylaryň adalatly işini goramagyny dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
Hamas bilen ýesir çalşygy boýunça gepleşikler geçiren toparyň ýurda dolanyp geldi
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Prezident Erdoganyň BMG-daky Taryhy Çykyşy…
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär