Türkiýe Ysraýylyň Daşary Işler Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi

Türkiýe Ysraýylyň Daşary Işler Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi

Türkiýe, Ysraýylyň Daşary işler ministri Katsyň Prezident R. T. Erdogan hakynda aýdan sözlerine berk garşylyk görkezdi.

Daşary işler ministrligi, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Ysraýylyň Daşary işler ministri Katsyň Prezident R.T.Erdogan we Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilen Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýýeniň ogullary Abdusselam we Hemmam Haniýe hakynda aýdan sözleri ýalňyş we töhmet atýar. Ünsleri Gazada başdan geçirilýän gyrgynçylykdan başga tarapa sowmagy maksat edinýän bu ýalanlar, palestin halkyna berýän goldawymyza ýaramaz täsirini ýetirip bilmez” diýdi.

Sosial mediadaky habarnamalary bilen ýygy-ýygydan Prezident Erdogany nyşana alýan Katz, soňky habarnamasynda Prezident Erdogan bilen janyna kast edilen Ismail Haniýýeniň ogullarynyň arasynda düşnüşmezligiň bardygyny öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

“Ysraýyl Hüjüm Guran Halatynda Berk Garşylyk Görkezeris”
Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ-nyň Eýrana Haniýýa Jenaýatyna Gatnaşan 10 Içalynyň Adyny Berendigi Öňe Sürüldi