Türkiye Ysraýylyň beýanatyny berk ýazgardy

Türkiye Ysraýylyň beýanatyny berk ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Ysraýylyň Günbatar Şeriada başladan bikanun operasiýasyny we Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň Gazadaky gollanmalary Günbatar Şeriada hem amala aşyrjakdyklary baradaky beýanatyny berk ýazgarýarys" diýip bellenip, Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň, Palestinanyň halkyna garşy "genosid syýasatlarynyň" halkara howpsuzlygyna garşy esasy howpdugy habar berildi.

Beýanatda: "Ysraýylyň palestina halkyna garşy halkara hukugy dolulygyna äsgermeýän bu hereketlerine garşy zerur jeza we mejbury çäreleri görmek hökmanydyr" diýip bellenip, Ysraýyly şertsiz ýagdaýda goldaýan "bir owuç" ýurduň hem hukuga we adamzat wyždanyna ters çemeleşmelerinden iň gysga wagtda ýüz öwürmekleriniň zerurdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi
Tramp Netanýahuny gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hamas Bilen Ysraýylyň Arasynda Dohada Aýlawly Gepleşik Geçirilýär