Türkiýe Ysraýyly Berk Ýazgardy

Türkiýe Ysraýyly Berk Ýazgardy

Bu barasynda Daşary işler ministrligi beýannama berdi.

Ministrligiň beýannamasynda; “Ysraýylyň Gazanyň Han Ýunus şäherinde palestinalylaryň sygynan mekdebinde onlarça bigünä ilatyň gyrylmagyny näletleýäris. Han Ýunusda tapylan köpçülikleýin gubyrlar we soňky 4 günde ol ýerdäki 4 mekdebe hüjüm guralmagy Ysraýylyň palestin halkyny dolulygyna ýok etmegi nazarda tutýandygynyň anyk delilidir” diýilýär.

Bu hüjümleriň Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň hüjümleriň bes edilmegi boýunça gepleşikleri bökdemegi hem maksat edinýandigine üns çekilýän beýannamada; “Ysraýylly resmiler ähliumumy adamzat gymmatlyklarynyň ählisini we halkara hukugy basgylaýan şu aksiýalary sebäpli kanunyň öňünde hasabat bererler” diýilýär.

Ysraýylyň Gaza Sektorynyň Han Ýunus şäherinde öýlerinden jyda düşen palestinalylaryň sygynan mekdebiň gapysyna guran hüjüminde 29 palestinaly öldi, 50-den gowragy ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gazada asuda ilata hüjüm guramaga dowam edýär
Ysraýyl 9 Palestinalyny Boşatdy
Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär
Gaza Sektorunda Çaga Ysmazy Boýunça Sanjym Kampaniýasy Dowam Edýär