Türkiyäniň daşary işler ministrligi ady agzalan hüjümler barada ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada: "Palestinanyň metbugatynda berilen we Gazadaky Türk-Palestin Dostluk hassahanasynyň öňünde ysraýylly esgerleriň bardygyny görkezen surat Ysraýylyň halkara hukuk we halkara ynsanperwer hukugynyň bozulmagynyň ýene-de bir subutnamasydyr" diýip habar berildi.
Türk-Palestin Dostluk hassahanasynyň Gazada bolan rak keseli bilen kesellän adamlaryň bejergi alýan ýeke täk merkezdigi bellenen beýannamada: "Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan hassahana ýetirilen zyýan we ol ýeriň harby merkez hökmünde ulanylmagy, Ysraýylyň Palestinanyň halkyny ýok etmegi maksat edinýän ulgamlaýyn syýasatlaryň bir bölegidir" diýip mälim edildi.
Beýannamada Türkiyäniň bu hüjümleriň jogapkärleriniň halkara kazyýetleriň öňünde jogap bermekleri üçin tagalla etmäge dowam etjekdigi aýan edildi.