Türkiye Ysraýyla berk reaksiýa bildirdi

Türkiye Ysraýyla berk reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň daşary işler ministrligi Ysraýylyň daşary işler ministri Israel Katsyň sosial media ulgamynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogany nyşana alyp töhmet we kemsidiji sözleri öz düzüminde jemleýän beýanatlar barada ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada: "Genosid jenaýatçysy nasistler nähili jogap beren bolsalar, palestinalylary ýok etmäge synanyşýanlar hem şolar ýaly jogap bererler. Palestinalylary ýok edip bilmersiňiz" diýip bellendi.

Adamzadyň palestinalylaryň ýanynda durjakdygy bellenen beýanatda: "Genosid jenaýatçysy Gitleriň soňy nähili bolan bolsa, genosid jenaýatçysy Netanýahunyň hem soňy şolar ýaly bolar" diýip habar berildi.

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan hem X sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Prezidentimiz adamzat wyždanynyň sesi boldy. Bu hakly sesi ýatyrmak isleýän, Ysraýyl başda bolmak bilen halkara sionist toparlar uly howsala düşdiler" diýip belläp, taryhyň ähli genosid jenaýatçylar we tarapdarlary üçin şol bir görnüşde netiljelenendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Netanýaha Alkyş Aýdanlary Berk Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministriniň ABŞ-nyň kongresindäki çykyşy barada beýannama berdi
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär